img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ DOKMA BRENDLERI INTERNET-PORTALDA

photo

«Türkmenistanda öndürildi» brend bilen täze dokma önümlerini indi öýden çykman, satyn almak bolýar.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Altyn asyr» harytşynaslyk merkeziniň ýola goýan «Altyn asyr söwda meýdança» atly onlaýn bitewi platformasynda 15 sany milli brendli önümler hödürlenipdir.

Resmi internet-dükan erkekleriň, zenanlaryň we çaga egin-eşikleriniň dürli görnüşlerini şeýle hem matalary, süpürgiçleri, hammam eşiklerini we ýorgan-düşekleri hödürleýär. Elektron kataloglaryň üsti haryt teklipleri baradaky wajyp maglumatlar bilen yzygiderli doldurylyp durulýar. Sargydy resmileşdirmek we eýesine gowşurmak gysga wagtyň içinde amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda eltip gowşurmak hyzmaty Aşgabat şäherinde hereket edip, geljekde bu hyzmaty ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda ornaşdyrmak hem göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Sanly ulgam» bölüminiň hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, onlaýn-söwda ulgamy kämilleşdirilýär. Häzirki wagtda onlaýn söwda platformasynda mobil goşmaçasyny ornaşdyrmak meselesiniň üstünde işlenilýär.