SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň telefon söhbetdeşligi barada
2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen telefon söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerini maslahatlaşdylar we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ähmiýetini bellediler. Gürrüňdeşligiň çäklerinde R. Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Bişkek şäherinde ýylylyk elektrik bekedinde...
Türkmenistanyň Ilçisi Şri Lankanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 1-nji fewralynda Kolombo şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Şri Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasyndaky (oturýan ýeri Nýu Deli ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Geldynazarow Şri Lankanyň Prezidenti Ranil Wikramasinghe ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabaranyň çäklerinde Ilçi Şri Lankanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähir...
Türkmenistan bilen Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşligi barada
2024-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň dowamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Taraplar iň ýokary döwlet derejesinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň mümkin...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa, Kawkaz we GUAM boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk barada
2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa, Kawkaz we GUAM boýunça ýörite wekili Ikegami Masaki bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda däbe öwrülen uzak möhletli dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn gatnaş...
Sport pudagynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasary Karen Giloýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda 2017-nji ýylda iki döwletiň sport ulgamynda jogapkär döwlet edaralarynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek meselelerine üns berildi. К.Giloýan Ermenistanyň demirgazyk şäheri bolan Gýumri şäheriniň GDA d...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň başlygynyň orunbasary bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň başlygynyň orunbasary Hao Minszin ýolbaşçylygyndaky HHR-iň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň köp sanly meselesini ara alyp maslahatlaşdylar we türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmäge bolan toplumlaýyn çemeleşme...
Ilçi М.Aýazow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirdi.
2024-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Wise-prezidenti Karen Iwanow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly döwletiň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini hem-de haryt dolanyşygyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ermeni telekeçisi Türkmenistanyň Ermenistanda söwda öýüniň açylmagyna ermeni tarapynyň isleginiň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda,...