RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Ýan

Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen geçirilen gepleşikler

2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini berkitmäge we onuň täze ugurlaryny hem-de mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirildi. Türkmen tarapy energetika, mineral serişdeleriň özleşdirilmegi, himiýa senagaty we ulag ulgamlarynda taslamalaryň amala aşyrylmagy babatynda köpýyllyk taryha eýe bolan döwletara gatnaş...

DOWAMY
pic
23 Ýan

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasi Hiýaşi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň ähmiýetli ugurlaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Daşary işler ministri Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynd...

DOWAMY
pic
22 Ýan

Şweýsariýanyň ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Baku ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteli kabul etdi. Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, onuň diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmany bildirdiler. Diplomatl...

DOWAMY
pic
22 Ýan

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa iş sapary başlandy

2024-nji  ýylyň 22-23-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň hökümetinde, Parlamentinde, degişli ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle-de maliýe we eksport-karz beriş agentlikleriniň, öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Geçiriljek duşuşyklarda döwletara gatnaşyklary b...

DOWAMY
pic
20 Ýan

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. R.Meredow duşuşygy açmak bilen, ÝUNESKO-nyň işleri barada pudagara toparyň çäginde 2023-nji ýylyň dowamynda alnyp barylan anyk işleriň netijeleri...

DOWAMY
pic
19 Ýan

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Eýranyň nebit ministri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýranyň nebit ministri Jawad Owjiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde häzirki meseleler we energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Eýranyň degişli edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary artdyrmakda özara gyzyklanma bildirildi. Şeýle hem iki dostlukly ýurduň energetika ulgamyndaky mümkinç...

DOWAMY
pic
18 Ýan

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi we duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň mähirli salamyny ýeti...

DOWAMY