img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Sen

Türkmenistanyň DIM-nde ABŞ-niň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-niň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen bir hatarda taraplar Merkezi Aziýa ýurtlaryny we ABŞ-ny öz içine alýan «C5+1» formatynyň çägindäki hyzmatdaşly...

DOWAMY
pic
18 Sen

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen dușuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky hyzmatdaşlygyň netijeligini bellediler. Şu ýyl meýill...

DOWAMY
pic
18 Sen

Türkmen wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran sapary hakynda

2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda türkmen wekiliýetiniň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 68-nji sessiýasyna gatnaşmagynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bu sessiýanyň umumy mejlisinde çykyş etdi. M.Bäşimowa öz çykyşynda Türkmenistan bilen IAEA-nyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde ileri tutulýan ugurlar boýunça dürli derejelerde geňeşmeleri geçirmek tejribesiniň ýola goýulandygyny belledi. Türkmenis...

DOWAMY
pic
18 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Astana şäherinde Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinden Prezident Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni ýokary derejeli duşuşygyň...

DOWAMY
pic
17 Sen

Türkmenistanyň Prezidentiniň Germaniýanyň Federal Kansleri bilen duşuşygy

Şu gün Gazagystan Respublikasynda iş saparynda  bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri  Olaf Şols bilen duşuşdy.  Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ynanyşykly we özara hormat goýmak esasynda üstünlikli ösdürilýän netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.  Horm...

DOWAMY
pic
17 Sen

Döwlet Baştutanymyz german kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Şu gün Astanada geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy.  Germaniýanyň Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Federal ministrliginiň parlament stats-sekretary Mihael Kellner döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, GFR-iň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen birn...

DOWAMY
pic
17 Sen

Aşgabat şäherinde Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça Ýaşlar maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň hökümeti BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçihanalary we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň jemleýji milli maslahatyny geçirdi. Maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi we seb...

DOWAMY