RSS

SOŇKY HABARLAR

28 Okt

Türkmenistan konkili taýýanlaryň Halkara birleşiginiň doly derejeli agzalygyna kabul edildi

Türkmenistanyň sportuň gyşky görnüşleri Milli merkeziniň figuralaýyn taýmak bölümi konkili taýýanlaryň Halkara birleşiginiň (ISU) doly derejeli agzalygyna kabul edildi. Degişli çözgüt ISU-nyň Geňeşiniň Ženewada (Şweýsariýa) geçen mejlisinde kabul edildi. 2019-njy ýyldan bäri Türkmenistan konkili taýýanlaryň Halkara birleşiginiň assosirlenen agzasydy, bu oňa ISU-nyň her ýyl geçirilýän ýygnaklarynda ses bermek hukugyny bermeýärdi. Bu gurama doly derejeli agzalyga kabul edilmegi bilen Türkmenist...

DOWAMY
28 Okt

Moskwada türkmenleriň etnografiýasy boýunça maslahat geçirildi

27-nji oktýabrda Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa instituty «Türkmenistanyň medeni mirasy: etnografiýa aspekti» at bilen türkmenleriň etnografiýasy boýunça seminar gurady. Çäräniň çäklerinde RYA-nyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň neşir edýän «Türkmenleriň etnografiýasy» kitaplar tapgyry bilen tanyşdyrylyşy boldy. Neşire girizilen ylmy işler türkmenleriň etnografiýasy temasyndan türkmen senetçiligine bagyşlanypdyr we suratlar ýerleşdirilipdir. Russiýad...

DOWAMY
28 Okt

Türkmen alabaýy – milli buýsanç we baýlyk

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaýyna we tazysyna goýulýan sarpa» atly milli gymmatlyklaryň we kitaplaryň sergisi we II Halkara ylmy maslahat geçirildi. Çärä «Türkmen alabaýy itleri» Halkara asssosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, çäräni guran S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem foruma Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akad...

DOWAMY
28 Okt

TÜRKMENISTANYŇ GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINI MEJLISINE GATNAŞMAGY

2022-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hodjamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Astana şäherinde geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdylar. Hökümet Baştutanlary dar we giňeldilen formatda geçirilen ýygnaklaryň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar, şeýle hem hyzmatlaryň erkin söwdasy, ony döretmek, işletme...

DOWAMY
28 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ AGZA-DÖWLETLERINIŇ PARLAMENTARA ASSAMBLEÝASYNYŇ GEŇEŞINIŇ 54-NJI MEJLISINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 27-28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza-döwletleriniň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň 54-nji mejlisine we Assambleýanyň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde saparda bolýar. Assambleýanyň umumy mejlisini GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşini...

DOWAMY
27 Okt

"MERKEZI AZIÝA - ÝEWROPA BILELEŞIGI" SAMMITI ASTANADA GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda "Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi" liderleriniň ilkinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow we Ýewropa Geňeşiniň Prezidenti Şar...

DOWAMY
27 Okt

Ummanyň aňyrsyndan gelen dostlar bilen hyzmatdaşlyk

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Milli miras merkeziniň direktory Erik Katalfamo we şu merkeziň halkara gatnaşyklary boýunça analitigi Enn Kompton türkmen kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklary ara alyp maslhatlaşmak üçin ýurdumyza geldiler. Olar saparyň çäklerinde Lebapda, Maryda we Ahalda AFCP (Medeni mirasy goramak boýunça ilçiniň gaznasynyň) desgalaryna we Aşgabatda Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler.  Gezelenç guraýjy Maýa Ataýewa haly muzeýinde myhmanla...

DOWAMY