img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Awg

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Çingiz Aýtmatow

Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» atly medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we...

DOWAMY
pic
30 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko şanly 70 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, Belarus Respublikasynyň halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

DOWAMY
pic
30 Awg

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 828 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Gazagystanyň telekeçilerine portlandsement, nah ýüplük, arassalanan pagta galyndylary ýerlenildi. Geleşi...

DOWAMY
pic
30 Awg

Türkmenistanyň birinji synp okuwçylary hormatly Prezidentimiziň adyndan noutbuklaryň kämilleşdirilen nusgalaryny alarlar

Täze ̶ 2024-2025-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň 155 müňden gowrak birinji synp okuwçylaryna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleri sowgat berler. «Bilimli» atly noutbuklaryň täzelikleriniň hatarynda umumy ýadynyň göwrüminiň 128 Gb-e çenli we operatiw ýadynyň 4 Gb-e çenli artdyrylandygyny görkezmek bolar. Şeýle hem olara sanly şekilleri özünde jemleýän köp taraply sensor paneli goşuldy. Bu bolsa enjamy kalkulýatory işe girizmezde...

DOWAMY
pic
30 Awg

Dana şahyryň döredijiligi – halkyň ruhy mirasy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň mejlisler zalynda ýazyjylaryň, şahyrlaryň, dilçi alymlaryň, žurnalistleriň, aktýorlaryň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda kitaphana işgärleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga «Milli goşun» žurnalynyň, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teat...

DOWAMY
pic
30 Awg

Owganystanyň wekiliýeti Aşgabatda birnäçe duşuşyklary geçirdiler

Şu gün ýurdumyzda saparda bolýan Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji H.Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary paýtagtymyzda geçirilen duşuşyklara gatnaşdylar. Myhmanlar ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Geçirlen duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň giň möçberli meýilnama...

DOWAMY
pic
30 Awg

Türkmenistan we Özbegistan ýangyç-energetika ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürýärler

Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalarynyň paýtagtymyzda geçiren duşuşyklary netijeli häsiýete eýe boldy. Duşuşyklarda iki ýurduň arasynda ýangyç-energetika ugry boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk gatna...

DOWAMY