SOŇKY HABARLAR
Medeniýet halklary ýakynlaşdyrýar
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy. Munuň özi doganlyk ýurtlaryň bu gözel künjekde yzygiderlilikde guralan milli günleriniň hem jemlemesine öwrüldi. Jemleýji günde Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli günleri bu dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän hem-...
Umumy maksat — röwşen geljegi gurmak
Köp sanly türkmen we daşary ýurt žurnalistleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýörite brifing BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlandy. Ozal habar berlişi ýaly, 5 — 8-nji awgust aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejeli halkara foruma döwlet we hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurtdan, 50-ä golaý halkara guramadan ýokary wezipeli adamlar, iri kompaniýalaryň 20-den agdygyndan wekiller gatnaşdylar. BMG ta...
BMG-niň wekilçilikli forumy öz işini tamamlady
Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine DÇBÖBD-niň, halkara guramalaryň ýokary wezipeli wekilleri, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda halkara maslahatyň çäklerinde geçirilen forumlaryň hem-de ýokary derejeli “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň netijeleri barada hasabatlar diňlenildi, Awaza syýasy Jarnamasynyň taslamasyna garal...
Awaza geljekki ösüşler üçin täze mümkinçilikleri açyp, raýdaşlygyň we hyzmatdaşlygyň merkezine öwrülýär
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň öz işini tamamlamagy mynasybetli baýdak düşürmek dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we BMG-niň resmi wekiliýetleriniň agzalary gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Milletler Bileleşiginiň tutuş adamzat ähmiýetli möhüm çäreleri dabaraly baýdak düşürmek dabarasy bilen tamamlanýar. Ol çäräni kabul eden ýurda oňa gatnaşyjylaryň bildirýän ýokary ho...
Ýod-brom suwlaryny gaýtadan işlemegiň ileri tutulmagy
Dünýäde peýdaly magdan serişdeleriniň azalýan döwründe suwda ereýän serişdeleriň, ýagny gidromineral serişdeleriň ähmiýeti artýar, şeýle hem olary ykdysady taýdan peýdaly usulda gaýtadan işlemegiň tehnologiýalarynyň häzirki döwürde möhüm orny bardyr. Munuň ýaly baýlyklar ýurdumyzyň özüne çekiji aýratynlygy bolup, türkmen bazaryna girmegi, peýdaly magdanlaryň çykarylyşyna gatnaşmak isleýän daşary ýurt kompaniýalary üçin gyzykly bolup durýar. Mikroelementlere baý bolan suwlary ýörite howuzlarda...
Parahatçylyk we ynanyşmak — ählumumy rowaçlygyň binýady
Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşiň bähbidine parahatçylykly we inklýuziw jemgyýeti gurmaga ýardam edýän Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge itergi bermek” atly ugurdaş çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi we BMG-niň...
Abadan geljegiň hatyrasyna tagallalary birleşdirip
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen plenar mejlisde umumy pikir alyşmalar boldy. Bu çärä gatnaşyjylar — Hökümetleriň, halkara guramalaryň, hususy ulgamyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmäge toplumlaýyn hem-de utgaşykly çemeleşmäniň zerurdygyny nygtadylar. Ara alyp maslahatlaşmalaryň b...