RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Apr

Türkmen-ermeni gatnaşyklaryny ösdürmek babatyndaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçisi M.Aýazow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Diwanynyň ýolbaşçysy Araik Arutýunýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi 2024-nji ýylyň Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler barada maglumat berdi. Duşuşygyň dowamynda ik...

DOWAMY
pic
9 Apr

Türkmenistanyň DIM-nde Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Şalwa Papuaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar dürli derejedäki yzygiderli aragatnaşyklaryň möhümdigini, şunda döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň derejesindäki duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň esasy guraly hökmünde çykyş edýändigini nygtadylar. Ta...

DOWAMY
pic
9 Apr

Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş indtitutynyň mugallymy ermeni talyplaryna umumy okuw sapagyny berdi.

2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Menejment kafedrasynyň müdiri Çarymuhammet Şallyýew “Milli hasaplar ulgamy we esasy makroykdysady görkezijiler” temasy boýunça Ýerewan döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň talyplaryna umumy okuw sapagyny berdi.  2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde bolsa Ermenistanyň Döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň mugallymy Narek Karapetýanyň Türkmenistanyň ykdysadyýet ugry boýunça ýokary okuw mekdebiniň talyplaryna “Ulgamlaýyn r...

DOWAMY
pic
8 Apr

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2024-nji ýylyň 8-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.  Arkadagymyz ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygyny şanly ýaş toýy we Russiýa Federasiýasynyň Zähmet Gahrymany adynyň dakylmagy mynasybetli gutlady.  Söhbetdeşligiň dowamynda...

DOWAMY
pic
6 Apr

Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisiniň press-relizi

2024-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.   Gün tertibine laýyklykda, Pudagara toparynyň 2024-nji ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işlerini...

DOWAMY
pic
6 Apr

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy

2024-nji ýylyň 5-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ikitaraplaýyn hyzma...

DOWAMY
pic
5 Apr

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen  ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Fara Kariminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde, şeýle hem ikitaraplaýyn we köparaplaýyn esasda döwletara dialogyň esasy şertleriniň biri hökmünde çykyş edýän parlamentara hyzmatdaşlygyň häzir...

DOWAMY