SOŇKY HABARLAR
2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Ýerewan şäherinde Surat sergisi öz işine başlady
2024-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Ermenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde bu birleşigiň Martiros Sarýan adyndaky Sergiler zalynda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi, şeýle hem türkmen edebiýatynyň görnükili wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi öz işine başlady. Sergä Ermenistan Respublikasynyň ylym-bilim edaralarynyň wekille...
Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Bütindünýä hökümet sammitiniň (WGS 2024) mejlisleriniň işine gatnaşdy. “Netijeli syýasat” sessiýasynyň çäklerinde eden çykyşynda R.Meredow dünýä bileleşiginiň jogapkär agzasy bolup, Türkmenistanyň dünýäniň ählumumy maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýan ýurt hökmünde ileri tutulýan garaýyşlary boýunça çemeleşmeler...
Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä hökümet sammitine (WGS 2024) gatnaşmagynyň çäklerinde Daşary işler ministri R.Meredow bilen Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktorynyň orunbasary Gauri Singhiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy, UNIDO, UNEP ýaly guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Hyzmatdaşl...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä hökümet sammitiniň çäklerindäki duşuşyklary barada
2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýyň elektrik we suw üpjünçilik Departamentiniň (DEWA) dolandyryjysy we ýerine ýetiriji direktory Saýed Al Taýer bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar suw hojalygy we elektrik energiýasy pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we onuň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini u...
Halkara guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlyk etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ösüş boýunça köptaraplaýyn syýasat we hyzmatdaşlyk departamentiniň başlygy Dawid Knýazýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň üstünde durup, Ermenistan döwletiniň Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen energetika, ulag pudagyndaky birnäçe BMG-...
Türkmen wekiliýetiniň BAE-ne sapary başlandy
2024-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde Abu Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary , Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise Prezidenti, Premýer-ministriň orunbasary, Prezident Kazyýetiniň başlygy Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli we netijeli...
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2024-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Lideri bilen gadyrly salamlaşyp, türkmen halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Bişkek şäherindäki ýylylyk elektrosentralynda bolup geçen hadysa baradaky habara duýgudaşlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Gyrgyzystanda bolan hadysa zerarly dostlukly ýurda ynsanperwerl...