SOŇKY HABARLAR
THE AMBASSADOR OF THE PHILIPPINES PRESENTED COPIES OF HIS CREDENTIALS
On November 9, 2023, Deputy Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan B.Myatiev accepted copies of credentials from the newly appointed Ambassador of the Republic of the Philippines to Turkmenistan (with residence in Tehran) Roberto Manalo. The Deputy Minister congratulated the Ambassador on his appointment to a responsible post and expressed hope that his diplomatic activities will contribute to the further development of Turkmen-Philippine relations. The diplomats exchanged views on th...
TÜRKMENISTAN YRAGA TEBIGY GAZY EKSPORT EDER
2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Aşgabatda “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleriniň Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda yrak tarapy energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleri bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine Yrak Respublikasynyň taýýardygyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar türkmen tebigy gazyny goňşy Eýran Yslam Respubli...
TÜRKMENISTAN PALESTINA DÖWLETINE YNSANPERWERLIK KÖMEGINI IBERDI
Giň gerimli, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda ynsanperwer ugurly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Asyrlaryň dowamynda halkymyz parahatçylyk söýüjilik, raýdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek...
AŞGABAT ŞÄHERINE BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriň toruna “Dizaýn” ugry boýunça girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň we Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, mugallymlar we talyplar, metbugat wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daş...
TÜRKMENISTAN «G7» WE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Merkezi Aziýanyň we «Uly ýediligiň» («G7») ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna onlaýn görnüşde gatnaşdy. Duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Kanadanyň, ABŞ-nyň we Fransiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Çäre Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawanyň ýolbaşçylygynda geçdi....
“NIPPON” GAZNASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistana sapar bilen gelen “Nippon” gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Ýuji Mori bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar babatynda netijeli hyzmatdaşlygy bellediler. Dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklar barada nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde, türkmen tarapy köp ýyll...
ÝAPONIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Sasaki Hirosi bilen duşuşdy we onuň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministr Ilçini jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen-ýapon gatnaşyklaryny has-da berkitmek üçin diplomatik işini ýerine ýetirmekde türkmen tarapynyň doly goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny nygtady. Duşuşykda diplomatlar wajyp ikitaraplaýyn gün tertibini ara alyp masl...