SOŇKY HABARLAR
Ilçi M.Aýazowyň Ermenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginde duşuşygy
2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň başlygynyň orunbasary Nerses Karamanukýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň arasyndaky söwda-ydysady hyzmatdaşlyk meseleleri, Türkmenistanyň we Ermenistanyň telekeçileriniň, işewür adamlarynyň arasynda gatnaşygy ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki döwletiň arasynda...
Türkmenistan umumy gan barlagy üçin barlaghana reagentleriň toplumyny satyn aldy
Türkmenistan umumy gan barlagy üçin barlaghana reagentleriniň bir toplumyny satyn aldy. Bu reagentler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde satyn alyndy. Olar Türkmenistanda esasy barlaghana hyzmatlary ulgamyny has-da berkitmek maksady bilen merkezi we welaýat barlaghanalaryna paýlanar. Esasy barlaghana hyzmatlary dürli keselleri anyklamak we bejermek üçin zerurdyr. Bu bolsa...
Aşgabatda «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Şu gün paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ýaş nesil baradaky alada meselesine bagyşlanan täze kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi. Dabaraly çäräniň açylyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlyg...
Wengriýada geçirilen Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň kikboksçylary 10 medal gazandy
Türkmenistanyň topary Budapeştde tamamlanan kikboks boýunça 28-nji dünýä çempionatynda on medal gazandy. Kikboksing boýunça guramalaryň bütindünýä assosiasiýasynyň (WAKO) howandarlygynda geçirilen bu ýaryşa 41 ýurtdan 2000-den gowrak türgen gatnaşdy. Maksatnamanyň ähli görnüşleriniň netijeleri boýunça, türkmenistanly türgenler üç altyn, bir kümüş we alty bürünç medal gazandylar. Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan Atajan Atamyradow (agramy 54 kg çenli), Hajymyrat Geldimämmedow (86 kg çenli)...
TÜRKMENISTAN BILEN YSRAÝYLYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA GEÇIRILEN TELEFON GEPLEŞIKLER BARADA
Şu gün, 2023-nji ýylyň 20-nji iýunynda, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koen bilen telefon söhbetdeşligi geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerine seredildi. Hususan-da, taraplar iki ýurduň işewürler birleşikleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak arkaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar. Türkmen tarapy köptaraplaýyn meýdançalarda, ilkinji nobatda, BMG-...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NYŇ BAŞ EDARASYNDA TERRORÇYLYGA GARŞY ÝOKARY DEREJELI HEPDELIGE GATNAŞÝAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 19-20-nji iýunynda Nýu-Ýorkda Terrorçylyga garşy ýokary derejeli hepdeligiň çäginde geçiriljek çärelere gatnaşýar. 19-njy iýunda wekiliýetiň ýolbaşçysy esasy çäräniň ikinji mejlisinde - BMG-a agza ýurtlaryň Terrorçylyga garşy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisinde çykyş etdi. W.Hajiýew öz çykyşynda Merkezi Aziýada Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýany durmuşa geçirmek ü...
TÜRKMENISTANDA SLOWAKIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wiktor Boreskiden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Dostlukly ýurduň ilçisi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildi...