img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Maý

Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramyny giňden bellemäge taýýarlyk görülýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde öňde duran Türkmen halysynyň baýramyna görülýän taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Meýilleşdirilen dabaralar barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hasabat berdi. Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde paýtagtymyzda halylaryň we haly önümleriniň sergisi, şeýle hem Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi geçiriler. Jemgyý...

DOWAMY
pic
23 Maý

Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak ugrunda ädimlerini işjeňleşdirýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi hem-de birnäçe täze teklipleri hödürledi. Hususan-da, Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamanyň gutarnykly görn...

DOWAMY
pic
22 Maý

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Kararnama kabul edildi

2026-njy ýylyň 20-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisiniň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan bu Kararnamanyň awtordaşy bolup 47 döwlet çykyş etdi. Kararnamada Türkmenistanyň Hökümetiniň...

DOWAMY
pic
18 Maý

Esasy Kanunymyzyň we ýaşyl baýdagymyzyň hormatyna baýramçylyk konserti

Şu gün paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan konserti boldy. Goşa baýramçylyga bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna ýetmek üçin gurýan we döredýän merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşyna ajaýyp öwüşgin çaýdy. Aýdym-sazly dabara göwünleri galkyndyrýan ajaýyp çykyş bilen açyldy. Onda täze taryhy döwürde Milli Lid...

DOWAMY
pic
18 Maý

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 66 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny («Türkmenhimiýa» döwlet konserni) satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Gonkongyň, Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň...

DOWAMY
pic
16 Maý

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýa sapary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Patyşa maşgalasynyň çakylygy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna ugrady. Maslahat köşgünden Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we onuň Diwanynyň jogapkär ýolbaşçylary ugratdylar. Ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolan Beýik Britaniýa bilen diplomatik gatnaşyklaryň 1992-nji ýylyň ýanwarynda ýola goýlandygyny bellemek gerek. Beýik Br...

DOWAMY
pic
14 Maý

Türkmenistan sebitiň ulag-üstaşyr kuwwatyny artdyrmak boýunça tagallalary birleşdirmäge çagyrdy

Türkmenistanyň paýtagtynda GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi geçirilýär. Bu wekilçilikli forum adatça hereketleri utgaşdyrmak, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de sebitiň demir ýol edaralarynyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin esasy meýdança bolup çykyş edýär. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri M.Akmämmedow çykyş etdi. Ministr ýurdumyzyň demir ýol we awtomobil magistrallaryndan başlap, deňiz portla...

DOWAMY