RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Iýun

BAE-DE TÜRKMEN-EMIRLIKLER AKADEMIKI HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda Abu Dabide Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýanyň (BAE) Baş müdiri Nikolaý Mladenow bilen duşuşdy. Duşuşykda N.Mladenow türkmen wekiliýetine akademiki işleri, diplomatik işgärleri taýýarlamak we ylmy barlaglary geçirmek ýaly hereketleri özünde birleşdirýän bu bilim edarasynyň gurluşy hem-de wezipeleri barada maglumat berdi. Soňra duşuşyk akademiýanyň mugallymlar topary bilen giňeldilen g...

DOWAMY
pic
21 Iýun

Ermenistanyň Söwda-Senagat edarasynda söwda-ykdysady meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Söwda-Senagat edarasynyň ýerine ýetiriji direktory Andranik Aleksanýan we bu edaranyň wise-prezidenti Karen Iwanow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly döwletiň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ermenistanyň SSE-nyň wekilleri ulag-logistika meseleleriniň, hususan hem Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkünçili...

DOWAMY
pic
21 Iýun

Ilçi M.Aýazowyň Ermenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginde duşuşygy

2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň başlygynyň orunbasary Nerses Karamanukýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň arasyndaky söwda-ydysady hyzmatdaşlyk meseleleri, Türkmenistanyň we Ermenistanyň telekeçileriniň, işewür adamlarynyň arasynda gatnaşygy ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.  Taraplar iki döwletiň arasynda...

DOWAMY
pic
21 Iýun

Türkmenistan umumy gan barlagy üçin barlaghana reagentleriň toplumyny satyn aldy

Türkmenistan umumy gan barlagy üçin barlaghana reagentleriniň bir toplumyny satyn aldy. Bu reagentler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde satyn alyndy. Olar Türkmenistanda esasy barlaghana hyzmatlary ulgamyny has-da berkitmek maksady bilen merkezi we welaýat barlaghanalaryna paýlanar. Esasy barlaghana hyzmatlary dürli keselleri anyklamak we bejermek üçin zerurdyr. Bu bolsa...

DOWAMY
pic
20 Iýun

Aşgabatda «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Şu gün paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ýaş nesil baradaky alada meselesine bagyşlanan täze kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi. Dabaraly çäräniň açylyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlyg...

DOWAMY
pic
20 Iýun

Wengriýada geçirilen Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň kikboksçylary 10 medal gazandy

Türkmenistanyň topary Budapeştde tamamlanan kikboks boýunça 28-nji dünýä çempionatynda on medal gazandy. Kikboksing boýunça guramalaryň bütindünýä assosiasiýasynyň (WAKO) howandarlygynda geçirilen bu ýaryşa 41 ýurtdan 2000-den gowrak türgen gatnaşdy. Maksatnamanyň ähli görnüşleriniň netijeleri boýunça, türkmenistanly türgenler üç altyn, bir kümüş we alty bürünç medal gazandylar. Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan Atajan Atamyradow (agramy 54 kg çenli), Hajymyrat Geldimämmedow (86 kg çenli)...

DOWAMY
pic
20 Iýun

TÜRKMENISTAN BILEN YSRAÝYLYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA GEÇIRILEN TELEFON GEPLEŞIKLER BARADA

Şu gün, 2023-nji ýylyň 20-nji iýunynda, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koen bilen telefon söhbetdeşligi geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerine seredildi. Hususan-da, taraplar iki ýurduň işewürler birleşikleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak arkaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar. Türkmen tarapy köptaraplaýyn meýdançalarda, ilkinji nobatda, BMG-...

DOWAMY