SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi. Diplomat ikiçäk duşuşykda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen strategiki hyzmatdaşlygy berk ygrarlydygyny tassyklanyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyz...
Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçisi Ýerewan Döwlet uniwersitetiniň prorektory bilen duşuşdy
2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow bilen Ýerewan Döwlet uniwersitetiniň ösüş we innowasiýalar boýunça prorektory Mikael Owannisýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga agzalan uniwersitetiň Halkara hyzmatdaşlyk müdirliginiň başlygy, professor Aleksandr Markarow hem gatnaşdy. Duşuşygyň başynda M.Owannisýan Ýerewan Döwlet uniwersiteti barada gürrüň berdi. Häzirki wagtda uniwersitetde dünýäniň dürli ýurtlar...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY KATAR DÖWLETINIŇ ŞEÝHLER MAŞGALASYNYŇ AGZASY BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 20-nji fewralynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani bilen duşuşyk geçirdi. Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň mäh...
TÜRKMENISTANDA DOMINIKAN RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Dominikan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elwis Antonio Alam Loradan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ynanyşmak hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gönükdirilen jogapkärli wezipesinde...
DOMINIKAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň, Türkmenistana iş sapary bilen gelen, Dominikan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Elwis Antonio Alam Lora bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. M.Bäşimowa Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasynda gatnaşyklary berkitmek işinde...
Medeni-gumanitar ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň täze bellenen Bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Žanna Andreasýan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda Ilçi iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýlan wagtyndan bäri medeni-gumanitar ugrundaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejede alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň dowamynda iki dostlukly döwlet...