SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA ÝHHG-NYŇ MERKEZINIŇ TÄZE BINASY AÇYLDY
Şu ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň täze binasy açyldy. Açylyş dabarasyna ÝHHG-nyň Baş sekretary, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, ýurdumyzda akkreditlenen diplomatik wekilhanalarynyň we KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. ÝHHG-nyň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana amala aşyran saparyna bagyşlanyp ÝHHG-nyň Merkeziniň täze bina...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE ÝHHG BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 1-njy iýunynda ýurdumyzyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen köpýyllyk özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridigini hem-de ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn täze ugurlar boýunça giňeldilýändigini belledi. Söhbetdeşler parlamentara dialogy işjeňleşdirmäge özara gyzyklan...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşdy. ÝHHG-niň ýolbaşçysy duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, oňyn syýasaty alyp barýan hem-de sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyryl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETD
2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary ÝHHG-niň Türkmenistan bilen ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýa...
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri dowam edýär
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ikinji güni giň möçberli çärelere we netijeli duşuşyklara baý boldy. Aýratyn-da, Ýerewanyň O.Şarambeýan adyndaky amaly-haşam muzeýinde türkmen halkynyň taryhyna we häzirki döwürde ýeten derejesine, özboluşly däp-dessurlaryna hem-de senetkärçiligine bagyşlanan serginiň guralmagy çäräniň ähmiýetini artdyrdy. Sergide goýlan gymmatlyklar hem-de dürli dillerde neşir edilen kitaplar, surat eserleri Türkmenistanyň taryhyna we häzirki d...
«Oguz rowaýaty» sahna oýny Türki dünýäniň talyplar teatrlarynyň I halkara festiwalyna gatnaşdy
Özbegistanyň paýtagtynda ilkinji gezek Türki dünýäniň talyplar teatrlarynyň I halkara festiwaly geçirildi. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýardamy bilen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan guralan bu taslama Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny bir ýere jemledi. Festiwalda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary ýazyjy Juma Hudaýgul...
AŞGABATDA TÜRKMEN-FIN DIM-ARA GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-fin gepleşikleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Finlýandiýa tarapyna Finlýandiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň Baş müdiri Mariýa Elina Liiwala wekilçilik etdi. Duşuşyga Finlýandiýanyň Türkmenistandaky ilçi...