SOŇKY HABARLAR
Ermenistan Respublikasynyň Şäher gurluşyk boýunça komitetinde duşuşyk
2023-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Şäher gurluşyk boýunça komitetiniň başlygy Armen Gularýany kabul etdi Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Ermenistanyň şäher gurluşygy boýunça gyzykly gürrüňdeşlik bolup geçdi. Şeýle hem taraplar iki döwletiň binagärlik-gurluşyk boýunça ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy ara alyp maslahatlaşdylar. Ilç...
Ermenistanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň A.Nazarow adyndaky Geofizika we inžener seýsmologiýasy institutynyň direktory bilen duşuşyk
2023-nji ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň A.Nazarow adyndaky Geofizika we inžener seýsmologiýasy institutynyň direktory Jon Karapetýany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda gürrüňdeşler bu ugurda iki döwletiň arasyndaky alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk barada durup geçdiler. Şol sanda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy ins...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝUNESKO BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
2023-nji ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory, ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky we Eýrandaky wekili Golda El Huri bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm meseleleri barada, şeýle hem geljekki hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň anyk ugurlary boýunça netijeli pikir alyşdylar. Hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi nukdaýnazaryndan, bilim, y...
ÝHHG-NIŇ MILLI AZLYKLARYŇ IŞLERI BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARY BILEN DUŞUŞYK
Şu gün, 2023-nji ýylyň 13-nji iýunynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanow bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissaryň mandatyna degişli bolan adam ölçegleri babatynda bilelikdäki işleriň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. R.Meredow soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýokary komis...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tegi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň aýdan mähirli salamyny we tutuş türkmen halkyna ýollan iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda koreý tarapynyň özar...
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 12-nji iýunynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory Golda El Huri we BMG-niň Tü...
“Türkmenhowaýollary” agentligine howa gämileri satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
“Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem howa gämileriniň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine 4 sany “Boeing 737-8” kysymly howa gämisini satyn almak b...