SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy
2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary depginini kanagatlanma bilen bellediler. Iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyga döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki yzygiderli we ynanyşmaga esaslanýan gepleşikle...
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 297 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň telekeçilerine tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümler, pagta ýagy, aşgarlanmadyk mata, nah ýüplük, jins we nah matalar, jins çadyrlar, arassalanan dokma önüm...
Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýylyň ikinji ýarymy üçin daşary syýasatyň esasy wezipelerini kesgitledi. Ýurdumyzda halkara ähmiýetli iri forumlaryň birnäçesini kabul etmek we olary ýokary derejede guramak göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyz aşakdaky iri halkara çäreleriniň taýýarlygyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Olaryň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwlet Baştutanlarynyň sammitini we beýleki möhüm çärele...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň senatory bilen duşuşygy barada
2026-njy ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatory Stiw Deýns bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik dialogyň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, dürli derejele...
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa toparyň türkmen böleginiň başlygy we agzalary, Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýetiň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Ilham Aliýewiň yzygiderli tagallalary bilen döwlet...
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 81 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Latwiýanyň telekeçilerine boýalan tüýjümek önümler, pagta ýagy, pagta süýümi, nah ýüplük we mata, çig ýüpek, pagta soapstogynyň çig ýagly turşuly...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
2026-njy ýylyň 3-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna sapary amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen duşuşyklary geçirdi. Tähranyň “Mehrabad” Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref hem-de beýleki resmi...