RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi. Diplomatlar duşuşygyň dowamynda dostlukly, ynamly we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde döwletlerimiziň arasyndaky strategiki, d...

DOWAMY
pic
4 Okt

TÜRKMENISTAN BILEN GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, gazagystan tarapyna bolsa Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýe.Konuspaýew ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça pikir alşyldy we iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplom...

DOWAMY
pic
4 Okt

Halkara saz gününe bagyşlanan dabara dutar sazy bilen başlandy

Oktýabryň ilkinji güni tutuş adamzat Halkara saz gününi belleýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda bu sene mynasbetli, şeýle hem Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nikolaý Artýomowiç Amiýansa bagyşlanyp konsert geçirildi. Dabara Türkmenistanyň at gazanan artisti Osman Güjümowyň dutarda «Şirin-şeker» halk sazyny çalmagy bilen açyldy. Dabarada Haçaturýanyň, Listiň, Musorgskiniň, Swiridowyň, Rahmaninowyň we beýleki kompozitorlaryň meşhur eserleri ýaňlandy. Tü...

DOWAMY
pic
3 Okt

MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY

2022-nji ýylyň 25-nji sentýabry – 1-nji oktaýbry aralygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. 26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurduň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Hosoda Hiroýuki bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň biwagt aradan çykmagy...

DOWAMY
pic
3 Okt

Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarym aý Milli jemgyýeti (TGÝAMJ) we BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) özara düşünişmek hakynda Ähtnama we adatdan daşary ýagdaýlarda hereketleriň maksatnamasy hakynda degişli resminama gol çekdiler. Şu iki resminamalara gol çekilmegi adatdan daşary ýagdaýlarda çagalaryň bähbitlerini göz öňünde tutmak, ilatyň talabyny kanagatlandyrmak maksady bilen, öz mandatynyň we ygtyýarlygynyň çäklerinde taraplaryň hyzmatdaşlygyny göz...

DOWAMY
pic
1 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GRUZIÝANYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Konstantin Sabiaşwili bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda R.Meredow Gruziýanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şu ýyl Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň şanly 30 ýyllygynyň hem bellenilýä...

DOWAMY
pic
30 Sen

Telekeçilik — Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýji

Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda durmuşa geçirilýän çäreler türkmen işewürleriniň öňünde dürli ulgamlarda ýokary netijeleri gazanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň hususy pudag...

DOWAMY