SOŇKY HABARLAR
NÝU-ÝORKDA DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN ÝURTLARYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ HER ÝYLKY DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň ýokary derejeli hepdeliginiň çäklerinde Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň her ýylky duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň temasy “COVID-19 pandemiýasyndan soňky hereketler boýunça Wena maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini tizleşdirmek we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji Maslahatyna taýýarlygyň depginini ösdürmek” boldy. Duşuşygy açmak bilen, B...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly ýurduň Lideri döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, iň ýokary döwlet wezipesinde ýurduň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürilmegine, halkyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köptaraply işinde üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezident...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly ýurduň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de köptaraply döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň iki ýurduň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygy pugtal...
«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Döwlet simfoniki orkestriniň «Täze dünýäden» atly konserti geçirildi. Resul Gylyjowyň aýtmagyna görä, çehiýaly kompozotor Antonin Dworžagyň Amerika göçmegi bilen baglanyşyklylykda konsert şeýle atlandyryldy. Aşgabatly nusgawy saz muşdaklary üçin Dworžagyň 9-njy simfoniýasy ýaňlandy. Dworžak: «Eger-de Amerikany görmedik bolsam, şu eserimi ýazmazdym» – diýipdir. Şonuň üçin hem 9-njy simfoniýany köplenç...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET NEBIT MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet nebit ministri Musadik Masud Malik bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ýokary derejedäki gepleşikleriň Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar söwda-ykdysady, husu...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET NEBIT MINISTRINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministri Musadik Masud Maligi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýokary ýolbaşçylarynyň — Prezident Arif Alwiniň hem-de Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarifiň salamyny hem-de türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnet...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERINIŇ SERGISI AÇYLDY
2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň iki günlük sergisi öz işine başlady. Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara gurama...