SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabat şäherine resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ministrler döwletleriň Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşykly dialogyň we özara syýasy erkiň netijesinde türkmen-gazak gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk derejesinde ösüşiniň yzygiderli dowam edýändigini bellediler. Diplomatlar ýokary...
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 58 million 571 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Bir...
Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 26-27-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň halkara «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşmak maksady bilen Horwatiýa Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy. Foruma 30-dan gowrak döwletiň hökümetleriniň we daşary syýasat edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri, halkara guramalarynyň, seljeriş merkezleriniň, ylmy jemgyýetçiligiň hem-de işewür toparlaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar...
Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen strategik hyzmatdaşlygy giňeldýär
Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hasabatyny diňledi. Geljek aýda ÝTÖB-niň ýolbaşçysynyň Türkmenistana meýilleşdirilen saparyna taýýarlygyň çäklerinde degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenista...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ukrainanyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili Wiktor Maýko bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, dürli ulgamlarda...
Daşary işler ministrleriň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri
2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ukrain wekiliýetine bolsa Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyg...
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenildi
2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdy. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew, gazak tarapyna bolsa Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary...