RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ TERRORÇYLYK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞMAGY

2022-nji ýylyň 17-19-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Duşanbe şäherine saparynyň çäklerinde “Serhet howpsuzlygy hem-de terrorçylyga garşy göreşmek we terrorçylaryň hereketleriniň öňüni almak üçin serhet gözegçiligi ugurlaryndaky halkara we sebit hyzmatdaşlygy” atly ýokary derejeli maslahata gatnaşdy. Maslahatyň açylyş dabarasynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmonyň, BMG-niň Baş sekretary A....

DOWAMY
pic
17 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ KATARDA BIRNÄÇE IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katar Döwletine saparynyň çäklerinde Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş Sekretary Ahmed bin Hassan Al Hammadi bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatiki ugry boýunça ikitaraplaýyn gün tertibiniň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň DIM-leriniň arasynda syýas...

DOWAMY
pic
17 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DUŞENBE ŞÄHERINDE TERRORÇYLYK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATYŇ ÇÄKLERINDE IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYKLARYŇ BIRNÄÇESINI GEÇIRDI

2022-nji ýylyň 17-19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti «Terrorçylyga garşy göreşmek we terrorçylaryň serhetüsti hereketiniň öňüni almak maksady bilen serhetleriň howpsuzlygy boýunça halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyk» atly ýokary derejeli Halkara maslahata gatnaşmak maksady bilen Duşenbe şäherinde saparda bolýar. 2022-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ýokarda agzalan maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işl...

DOWAMY
pic
17 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ KATAR DÖWLETINE SAPARY BAŞLANDY

2022-nji ýylyň 16-17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletine saparda bolýar. Saparyň çäklerinde 16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraiki bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňe...

DOWAMY
pic
17 Okt

ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR

2022-nji ýylyň 20-21-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi sapary bolar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşuşygyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýar.

DOWAMY
pic
17 Okt

Döwletimiz ilaty arzan ýangyç bilen üpjün edýär

Türkmenistan benzindir dizel ýangyjyny ilat üçin iň arzan bahadan berilýän ýurtlaryň onlugyna girýär. Döwletimiziň durmuş goraglylygyna gönükdirilen syýasaty, uglewodorod serişdeleriniň ummasyz gorlary we olary gaýtadan işleýän önümçilikleriň bolmagy netijesinde ilat ýurdumyzda öndürilýän ýangyç bilen elýeter bahadan üpjün edilýär. Geçen dokuz aýyň netijesi boýunça nebit-gaz toplumynyň we esasy görkezijileriň durnukly ösüşi bellenilýär. Mysal üçin, «Türkmennebit» Döwlet konserni nebit çykarma...

DOWAMY
pic
15 Okt

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasyndaky gepleşikler

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary boldy. Onuň çäklerinde Astanada ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu gepleşikler dost-doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň berk binýadyna, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz goňşy ýurduň paýtagtyna geldi we bu ýerde...

DOWAMY