RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Sen

Telekeçilik — Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýji

Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda durmuşa geçirilýän çäreler türkmen işewürleriniň öňünde dürli ulgamlarda ýokary netijeleri gazanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň hususy pudag...

DOWAMY
pic
30 Sen

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde täze taslama

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýaş mugallymlaryň şeýle hem talyplaryň taýýarlan «zSpace 3D» atly ölçegli görnüşde ýasalan kopmýuter enjamy işlenilip düzüldi. Bu kompýuter enjamy ulanmak köp sanly atrykmaç mümkinçilikleri döredýär. «zSpace 3D» kompýuteri ulanylanda 3D äýnegiň kömegi we ruçkanyň üsti bilen ölçegli jisimleri özüne tarap ýakynlaşdyryp, olaryň kömegi bilen dürli hili amallary ýerine ýetirip bolýär. Sensorly kompýuter ylmyň dürli dersleri bo...

DOWAMY
pic
30 Sen

Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly XXVII Halkara maslahaty hem-de sergisi geçiriler

Şu ýylyň 26-28-nji oktýabrynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022» atly XXVII Halkara maslahaty hem-de sergisi geçiriler. Çäräni «Türkmengaz», «Türkmennebit» Döwlet konsernleri, GaffneyCline Britain kompaniýasynyň goldamagynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «Türkmen Forum» HJ bilen guraýarlar. Maslahat we sergi energetika pudagyny geljekde-de durnukly ösdürmek boýunça sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy, dünýä we sebit energetikasyndaky soňky ugurlara syn bermegi, Türkmenist...

DOWAMY
pic
29 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

Şu gün, 29-njy sentýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruis Alonso bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň ÝB bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda gatnaşyklary giňeltmegiň esasy görkezijileriniň biri ýokary derejeli gepleşikler bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Ko...

DOWAMY
pic
29 Sen

Ýygym möwsümi dowam edýär

Daşoguz welaýatynda däneli ekinleriň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär. Bu jogapkärli çärä guramaçylykly girişen S.A. Nyýazow adyndaky etrabyň ekerançylary 76 tonna hasyl alyp, noýba taýýarlamak boýunça ýyllyk tabşyrygy amal etdiler. Etrabyň daýhanlary bellenilen 30 tonna künjiden 26 tonna hasyly atyzlardan ýygnadylar. Welaýatyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda hem ýygym ýokary depginde alnyp barylýar, bu ýerde 45 tonna noýba, 525 tonna mäş we 10 tonna künji hasylyny almak meýilleşdirilýär...

DOWAMY
pic
28 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky dabaralara gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaralara gatnaşdy. Ýurdumyzyň baş baýramyna gabatlanyp her ýyl geçirilýän at çapyşyklary türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alýan däplerine ygrarlydygyny, döwürleriň we nesilleriň dowamat-dowamlylygyny özünde jemläp, baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýýar. Ahalteke bedewleriniň öwşün atýan reňki, syrdamlygy, seýkin basyp ýöreýşi...

DOWAMY
pic
28 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI WARŞAWADA ADAM ÖLÇEGLERI BOÝUNÇA MASLAHATDA ÇYKYŞ ETDI

2022-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-niň Polşa ýolbaşçylygy tarapyndan gurnalan Warşawanyň adam ölçegleri maslahatynyň esasy mejlisinde çykyş etdi. Beýanatda Türkmenistanda demokratiýanyň, adam hukuklarynyň, demokratik institutlarynyň gazananlary, kabul edilen täze kanunlar we ýurtda bolup geçýän beýleki oňyn üýtgeşmeler bellenildi. Türkmenistanda çuňňur özgerişlikleriň bolup geçýändigi, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň gurallaryny has-da kämilleşdi...

DOWAMY