SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 5-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar Tažibaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler we birek-biregi Oraza baýramy bilen gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, türkmen hem-de eýran halkyna parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler. Söh...
«Ajap önüm» HJ şu ýyl tormoz kolodkalarynyň täze 11 görnüşini öndürip başlady
?Gunt» brendi bilen Türkmenistanda tormoz kolodkalaryny ilkinji gezek önümçilige ornaşdyran «Ajap önüm» hojalyk jemgyýetiniň täze önümleri alyjylaryň ünsüni özüne çekýär. Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda ýerleşýän kärhananyň önümleriniň görnüşi yzygiderli artdyrylýar. Şu ýylyň başynda kolodkalaryň täze 11 görnüşi önümçilige ýola goýuldy. Olardan ýeňil awtoulaglara niýetlenen «Optimus» görnüşi täzeçil konstruksiýasy bilen tapawutlanýar. Täze önüm islendik temperaturada durnukly sürtülme d...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün, 3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanlary mähirli salamlaşyp, mukaddes Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hoşniýetliligi, sahawatlylygy we belent ruhy-ahlak gymmatlyklary alamatlandyrýan bu nurana baýramyň iki ýurduň hem-de halklaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, külli musu...
TAMAMLANAN HEPDE SÖWDANYŇ ÝOKARLANÝANDYGY BILEN TAPAWUTLANDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň hem-de beýleki döwletleriň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Türkiýe Respublikasynyň hem-de Owganystanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen EKO-93...
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ “ÖMRÜMINŇ MANYSY” ATLY NEŞIR EDILEN KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2022-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrüminň manysy” atly neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Halkara gatnaşyklary institutynyň professor- mugallymlary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler «Ömrümiň manysy» atly täze edebi-filosofik eseriniň man...
Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly täze kitaby çapdan çykdy
Milli Liderimiziň bir aýlyk dynç alşynda tamamlan «Ömrümiň manysy» atly edebi-filosofik eseri halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly jemlenmesi boldy. Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow pederlerimiziň asylly ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýmak bilen, biziň günlerimize çenli ýetip gelen çeşmeleri we maglumatlary jikme-jik öwrenip, olary täze eserinde jemläpdir hem-de ulgamlaşdyrypdyr. Bu eser ýazylyp başlanan pursadyndan, dü...