SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI PUSAN ŞÄHERINIŇ MERI BILEN DUŞUŞDY
Şu gün, 2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Pusan şäheriniň meri bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy 2008-nji ýylda Türkmenistanyň ozalky Prezidenti, häzir bolsa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet s...
TÜRKMENISTANDA ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MEDENIÝET HEPDELIGI AÇYLDY
2022-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda paýtagtymyzyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Bu Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hem-de Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň we Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde guraldy. “Bitewülikde köpdürlülik” ady bilen geçýän Ýewropa Bileleşiginiň Me...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY
2022-nji ýylyň 23-25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň 15-nji mejlisine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynda iş saparda bolýar. 24-nji oktýabrda Seulda R.Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Phýo bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Se...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Şu gün, 2022-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylarynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Sýan Naýçen bilen geçirilen duşuşygynda, Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Hytaý Halk Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş Sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy m...
Baý milli mirasymyzy wasp edýän sergi gurnaldy
2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň 21-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň baş binasynyň eýwanynda Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen Mary şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebi bilelikde göçme sergini gurnadylar. Muzeýiň ylmy işgärleri türkmen halkymyzyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý milli mirasynyň ýaşlaryň terbiýesindäki möhüm orny, olarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ruhubelentlik ýaly asylly häsiýetleri ösdürmekdäki ähmiýeti dogrusynda se...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY
2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Iki dostlukly ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtyň Halkara howa menzilinde Özbegistanyň ýolbaşçysy resmi adamlar tarapyndan garşylandy. Bellenen gowy däbe görä, milli eşikli bir oglan we gyz Özbek liderine çörek-duz we gül sowgat etdiler. Howa menzilindäki gysga wagtlyk söhbetdeşlikden soňra Özbegistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni bu ýerden sapar...
Sebit we ählumumy wehimler bilen baglylykda Türkmenistanyň täze halkara başlangyçlary
Merkezi Aziýa sebitinde syýasy we durnukly ykdysady özgertmeler dünýä gurluşynyň kemala gelmeginde barha uly orun eýeleýär hem-de muňa has uly täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşy bu meýilleriň möhüm subutnamasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti diňe öz ýurduna mahsus bolan ýagdaýlar barada aýtmak bilen çäklenmän, ählumumy hem-de sebit wehimlerine we mümkinçiliklerine, Türkmenistanyň olary...