SOŇKY HABARLAR
Paýtagtymyzda möhüm ähmiýetli çäreler geçiriler
12-13-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlar dialogy geçiriler. Bu möhüm ähmiýetli çäreleri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçiriler. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna hem-de zenanlar dialogyna Russiýadan, sebitiň ýurtlaryndan parlamentarilerdir, halkara guramalaryň wekilleriniň, bilermenleriniň köp sanlysynyň gatnaşmagyna garaşylýar....
YSLAMABATDA TÜRKMENISTAN BILEN PAKISTANYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy ýurduň Parahatçylyk we Diplomatik ylymlary instituty bilen bilelikde Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmen-pakistan gatnaşyklaryna 30 ýyl – ösüş ýoly” atly okuw maslahatyny gurnadylar. Bu çärä Pakistanyň DIM-niň wekilleri, görnükli syýasatşynaslar, Pakistanyň seljeriş merkezleriniň, işewür toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Yslam...
AŞGABATDA ÝEŇIŞ GÜNÜNIŇ 77 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP “HALK HAKYDASY” ÝADYGÄRLIKLER TOPLUMYNA GÜL GOÝMAK DABARASY GEÇIRILDI
Şu gün, 9-njy maýda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly senesiniň bellenilip geçilmegi mynasybetli “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M.Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu çäreden öň ol Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy...
Asyrlar jümmüşinden galan monjuklar
?Könürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çägindäki gadymy Daşmetjit medresesiniň jaýynda ýerleşen halk senetleri muzeýinde gadymy monjuklaryň ýurtda iň uly kolleksiýasy bar. Olaryň köpüsini goraghananyň işgärleri 2009-2020-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň binagärlik we arheologik ýadygärliklerinde, şol sanda gadymy Yzmykşir (Zamahşary) şäherinde, orta asyrlar gala-şäherleri – Şasenemde we Diýarbekirde hem-de beýleki ýerlerde geçirilen dürli gözleg işlerinde tapdylar. Bu gadymy zatlaryň...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝB-NIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hanym Teri Hakala bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar Aşgabat bilen Brýusseliň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyg...
ÝAŞ MATEMATIKLERIŇ HALKARA ÜSTÜNLIGI
2022-nji ýylyň 27-30-njy apreli aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde matematika dersi boýunça ikinji Açyk halkara olimpiadasy (OMOUS-2022) geçirildi. Oňa jemi 42 ýurtdan düzülen toparlar boýunça 700-den gowrak ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Açyk halkara olimpiadasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplar topary hem işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. A we B derejede, ýekeleýin we t...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 4-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakalany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlady. Hormatly Prezidentimiz ÝB-niň Merkez...