RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Mar

ZENANLARYŇ BAÝRAMY MYNASYBETLI HALKARA MASLAHAT WE SERGI

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ol Halkara zenanlar gününe bagyşlandy. Söwda-senagat edarasynda guralan forumda suratkeşleriň, zergärleriň işleriniň, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Bahar paslynyň esasy bezegi bolan güller şu günki guralan serginiň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Suratkeşleriň işlerinde...

DOWAMY
pic
1 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WE ABŞ-NYŇ ARASYNDA HER ÝYL GEÇIRILÝÄN MASLAHATLAŞMALARYŇ NOBATDAKY TAPGYRY BAŞLANDY

2022-nji ýylyň 1-nji martynda göni wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry başlandy.  Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi Donald Lu ýolbaşçylyk etdiler. Şeýle-de duşuşyga iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşdylar. Çykyşla...

DOWAMY
pic
1 Mar

AŞGABATDA SAÝLAWLARA TAÝÝARLYK GÖRMEK WE OLARY GEÇIRMEK, SAÝLAW ÇÄRELERINIŇ GURAMAÇYLYGY MESELELERI BOÝUNÇA SEMINAR ÖZ IŞINE BAŞLADY

Paýtagtymyzyň «Garagum» myhmanhanasynda jemgyýetçilik hem-de KHBS wekilleri üçin «Saýlawlar we ÝHHG-nyň borçnamalary» atly tema boýunça seminar geçirildi we ony ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň Başlygy, Ilçi Jon Mak-Gregor alyp bardy. Seminaryň işine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we jemg...

DOWAMY
pic
28 Few

EKSPORT GELEŞIKLERINIŇ ARASYNDA NEBITHIMIÝA WE TEKSTIL ÖNÜMLERI ÖŇDELIGI EÝELEÝÄR

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gonkongyň we beýleki ýurtlaryň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, uçar kerosinini, arassalanmadyk parafini, owganystanly telekeçiler bolsa, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, BAE-niň we Gyrgyzystanyň işewür...

DOWAMY
pic
28 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ BAŞLYGYNYŇ – ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARYNYŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde golaýda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna baha bermek üçin GDA-nyň synçylarynyň missiýasynyň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň – Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary L.W.Anfimowyň baştutanlygyndaky GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.   Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 12...

DOWAMY
pic
27 Few

KHBS ÜÇIN MAGLUMAT

Şu gün, 27-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik korpusy bilen duşuşyk geçirdi. 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly meseleleriň hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmagy göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky duşuşygyň esasy temasy boldy. Beýan edilişi ýaly, häzirki wagtda ýurduň Prezidentiniň saýlawlaryna gör...

DOWAMY
pic
27 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2022-nji ýylyň 26-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda milli Liderimiz türk kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjyndan sagalandyklaryna örän şatdygyny belledi.  Şeýle-de hormatly Prezidentimiz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlady hem-de berk jan s...

DOWAMY