RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Few

TÜRKMENISTANDA AZYK SENAGATYNDA BUÝAN KÖKÜNI ULANMAGYŇ TEHNOLOGIÝASY IŞLENILIP TAÝÝARLANYLDY

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasynda azyk önümlerini taýýarlamakda buýan köküni ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Glisirrizin turşusy bilen baýlaşdyrylan ilkinji önüm iň köp isleg bildirilýän hem-de her gün iýmit hökmünde ulanylýan azyk harydy bolan çörek boldy. Hünärmenler şeýle hem bu serişdäni «Berzeňňi» mineral suwuna goşmagy meýilleşdirýärler. Bu iş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça döwletimiziň...

DOWAMY
pic
24 Few

TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ARASYNDA «GURLUŞLAÝYN DIALOG» BAŞLANDY

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk görnüşinde «Gurluşlaýyn dialog» başlandy. Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygynda gatnaşdy, britan wekiliýetine Beýik Britaniýanyň DIM-niň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň direktory Jastin Mak Kenzi ýolbaşçylyk etdi. Diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy boý...

DOWAMY
pic
24 Few

TÜRKMENISTAN TARAPYNDAN BSG-NA GOŞULÝAN ÝURT («IŞJEŇ SYNÇY») DEREJESINIŇ ALYNMAGY BARADA ŽENEWADAN MAGLUMAT

2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) binasynda geçirilen BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda BSG-niň döredilmegi hakynda Marakeş ylalaşygynyň XII maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň BSG-na goşulmagy baradaky arzasyna seredildi.     Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekili Baş geňeşiň mejlisiniň işine gatnaşdy we BSG-niň agza-ýurtlarynyň öňünde Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan çykyş etdi. Öz çykyşynda Türkmenista...

DOWAMY
pic
24 Few

TÄZE A-98 BENZINI ÖNDÜRILIP BAŞLANDY

Berkarar döwletimiziň ýangyç-energetika toplumynyň Balkan welaýatyndaky önümçilik kärhanalary üstümizdäki ýylda guwandyryjy zähmet görkezijilerini gazanýarlar. Şolaryň biri-de milli senagatymyzyň kerwenbaşysy bolan Türkmenbaşy şäherindäki Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumydyr. Bu häzirki zaman kärhanasynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň degişli müdirliklerinden gelip gowuşýan «gara altyn» gaýtadan işlenip, harytlyk görnüşine getirilýär. Daşarky sarp edijiler tarapyndan uly islegler b...

DOWAMY
pic
23 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇTATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY

2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz dostlukly ýurduň iri sebitiniň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygynyň okgunly we netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Şol hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gatnaşyklaryň...

DOWAMY
pic
23 Few

«DIALOG-PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI» ATLY ONLAÝN MASLAHATY

2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen «Dialog-parahatçylygyň kepili» diýlip atlandyrylýan häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasyny döretmek baradaky başlangyjynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýetini çuňlaşdyrmaga hem-de Milli Liderimiziň parahatçylyk senasyny giňişleýin wagyz etmäge bagyşlanyp, «Dialog-parahatçyly...

DOWAMY
pic
23 Few

KEÇE – GADYMY HEM MÜDIMI SUNGAT

Medeniýet ministrliginiň işgärleriniň başlangyjy bilen Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Keçe – türkmenleriň kämil çeper döredijiliginiň nusgasy» ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Muzedäki saklanylýan keçe önümleriniň sergisi oňa özboluşly giriş boldy. Aýratynlygy bilen bu ýere gelýänleri geň galdyrýan sergi şowly hasaplanylýar. Bagşylaryň çykyşy bu çäräniň täsirliligini artdyrdy. Düýe ýüňi halkymyzda keramatly saýylýar, şonuň üçin hem düýe ýüňünden edilen zatlara aýak b...

DOWAMY