img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Okt

В Туркменистане пройдут международная выставка и конференция к Дню работников строительного и промышленного комплекса

На очередном заседании Кабинета Министров Туркменистана были рассмотрены вопросы государственной жизни. В частности, заместитель Председателя Кабинета Министров Б. Аннамаммедов отчитался о ходе подготовки к празднованию Дня работников строительного и промышленного комплекса страны. К этой дате приурочено проведение крупного международного форума - выставки и конференции «Развитие строительной, промышленной, химической и энергетической отраслей Туркменистана». Ожидается, что в мероприятиях при...

DOWAMY
pic
24 Okt

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat

2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Adalat köşgüniň mejlisler zalynda “Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma ýurdumyzyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň we beýleki degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Dö...

DOWAMY
pic
24 Okt

Aşgabatda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi

2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň bilim ulgamyna gözegçilik edýän ministrleriniň köp dilli bilim bermek ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine bagyşlanan tegelek stoly geçirildi. Foruma sebitiň döwletleriniň degişli edaralarynyň wekilleri, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) wekilleri, şeýle hem halkara bilermenler gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda köp dilli bilim bermek boýunça halkara çemeleşmel...

DOWAMY
pic
23 Okt

Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

​2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Batumi şäherinde Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň — Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy, söwda-ykdysady we ulag-energetika ulgamlarynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Merkezi Aziýa bilen Gara deňiz sebitini birleşdirýän ulag-üstaşyr...

DOWAMY
pic
22 Okt

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Batumi şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Wise-premýeri, Daşary işler ministri Maka Boçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ministrler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýul aýynda Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini nygtadylar. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-logis...

DOWAMY
pic
22 Okt

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi

2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 31-nji gezek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän halkara maslahatyň we serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Hemmeler Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2...

DOWAMY
pic
21 Okt

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, şeýle hem ylmy we akademiki jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar. Ç...

DOWAMY