SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ HAZAR DEŇZINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 1-nji fewralynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we ugurdaş pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda geçen 2021-nji ýylda pudagara toparynyň amala aşyran işleriniň netijelerine garap, gatnaşyjylar 2022-nji ýyl üçin çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasyny ar...
TAMAMLANAN HEPDE SÖWDANYŇ ÝOKARLANÝANDYGY BILEN TAPAWUTLANDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň degişli kärhanasynda öndürilen ECO-93 awtobenzinini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Özbegist...
TÜRKMENISTAN WE PAKISTAN ENERGETIKA ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARLAR
2022-nji ýylyň 31-nji ýanwary – 4 fewraly aralygynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pakistan Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. 31-nji ýanwarda saparyň çäklerinde Türkmen wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň Energetika ministri Muhammad Hammad Azhar bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Pakista...
KOMPOZITOR WE ŞAHYR: SAZYŇ WE POEZIÝANYŇ DOSTLUGY
Türkmen nakgaşlary köplenç öz eserlerinde ýa-da heýkellerinde her bir ildeşimize belli iki zehin – kompozitor Nury Halmämmedowy we onuň dosty şahyr Gurbannazar Ezizowy şekillendirýärler. Golaýda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kakageldi Seýitmuhammedow şekillendiriş sungaty muşdaklaryny «Kompozitor we şahyr» atly işi bilen begendirdi. Suratda dostlaryň ikisem oýa batypdyr. Olar alys bir ýerlere nazar dikýärler, hamala nobatdaky bilelikde işleýän pursady – aýdym ýa-da simfoniki poema dö...
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Öz çykyşynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara hereketleriniň esasy ugurlaryny beýan...
WATAN GORAGÇYSYNA BAGYŞLANAN SERGI
Ýurdumyzda 27-nji ýanwarda bellenilýän Watan goragçysynyň gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi zalynda suratkeşleriniň işleriniň sergisi açyldy. Sergide dürli nesliň suratkeşleriniň işleri görkezildi. Iwan Çerinkonyň «Durmuş gowulaşdy, durmuş has bagtly boldy» atly suraty uruşdan döşi ordenli gaýdyp gelen esgeriň ýaragyny dutara çalşyp, bir gözeli üns bilen synlamagy: başga durmuş, başga gymmatlyklary – maşgala bagty we çagalaryň dünýä inmegi bilen baş...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY, BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA MÜDIRLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň arasyndaky giň gerimli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini belläp geçdiler. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýo...