SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy Haýahsi Nobumitsu bilen hem duşuşdy. Iri maliýe edarasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi. Şeýle-de Haýahsi Nobumitsu döwlet Baştutanymyzy “EKSPO - 2025” Bütindünýä serg...
Tokioda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi
2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini hem-de ýurdumyzyň wekiliýet agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa ilkinji saparydygyny belledi we çakylygy kabul edip, Ýaponiýa gelendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle-de Premýe...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Imperator Naruhito bilen duşuşdy. Duşuşyk Ýaponiýanyň Imperatorynyň köşgünde geçdi. Ýaponiýanyň Imperatory Türkmenistanyň Prezidentini mähirli mübärekläp, häzirki wagtda iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiň täze derejesine çykandygyny aýtdy hem-de Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa ilkinji saparynyň ähmiýetini belledi. Şeýle-de Imperator döwlet Baştutanymyzy “EKSPO - 2025” Bütindünýä s...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Endo Toşiaki döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, Ýaponiýa ilkinji sapary bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de şu gezekki saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigini belledi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň öz Milli gününi Bütindünýä sergisinde ilkinjileriň biri bolup geçirm...
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “EKSPO — 2025” sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit we dünýä derejesinde deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda dünýäniň ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary g...
Dördünji Antalýa diplomatiýa forumynyň barşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti dördünji Antalýa diplomatiýa forumynyň (ADF 2025) işine gatnaşdy. Ýokary derejeli çäre Antalýa şäheriniň (Türkiýe Respublikasy) “Nest” kongresler merkezinde geçirildi. Forumyň şygary –“Böleklere bölünen dünýä diplomatiýanyň dolanmagy”. Forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara halkara hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri barada pikir alyşmaga mümk...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine we “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatyndaky duşuşyga gatnaşdy
2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Çärä Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitet...