img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Awg

Türkmenistan bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek üçin möhüm ädim

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) Baş sekretary Ýan Sandersiň duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretaryň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmagynyň çäginde geçirildi. Taraplar gümrük dolandyryşy pudagynda häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygyň geljegini ara alnyp maslahatlaşdylar we gümrük edaralarynyň netijeliligini ýokarlandyr...

DOWAMY
pic
11 Awg

Umumy maksatlaryň bähbidine netijeli dialogy pugtalandyryp

Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahaty ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm goşant boldy. Bu maslahat döwlet we hökümet Baştutanlaryny, 100-den gowrak ýurtdan ýokary wezipeli ýolbaşçylary, halkara guramalaryň 50-ä golaýyndan, öňdebaryjy kompaniýalaryň 20-den gowragyndan wekilleri jemläp, dünýä jemgyýetçiliginde ul...

DOWAMY
pic
10 Awg

Bir­ža tä­ze­lik­le­ri

Ge­çen hep­de­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 11-si ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt pu­lu­na Ow­ga­nys­ta­nyň te­le­ke­çi­le­ri “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­syn­da ön­dü­ri­len su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy we hlor­ly nat­ri­ni sa­tyn al­dy­lar. Mun­dan baş­ga-da, da­şa­ry ýurt pu­lu­na Gyr­gy­zys­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Tür­ki­ýä­niň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri­ne nah ýüp­lük we nah ma­ta, pag­ta sü...

DOWAMY
pic
8 Awg

Medeniýet halklary ýakynlaşdyrýar

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy. Munuň özi doganlyk ýurtlaryň bu gözel künjekde yzygiderlilikde guralan milli günleriniň hem jemlemesine öwrüldi. Jemleýji günde Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli günleri bu dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän hem-...

DOWAMY
pic
8 Awg

Umumy maksat — röwşen geljegi gurmak

Köp sanly türkmen we daşary ýurt žurnalistleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýörite brifing BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlandy. Ozal habar berlişi ýaly, 5 — 8-nji awgust aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejeli halkara foruma döwlet we hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurtdan, 50-ä golaý halkara guramadan ýokary wezipeli adamlar, iri kompaniýalaryň 20-den agdygyndan wekiller gatnaşdylar. BMG ta...

DOWAMY
pic
8 Awg

BMG-niň wekilçilikli forumy öz işini tamamlady

Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine DÇBÖBD-niň, halkara guramalaryň ýokary wezipeli wekilleri, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda halkara maslahatyň çäklerinde geçirilen forumlaryň hem-de ýokary derejeli “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň netijeleri barada hasabatlar diňlenildi, Awaza syýasy Jarnamasynyň taslamasyna garal...

DOWAMY
pic
8 Awg

Awaza geljekki ösüşler üçin täze mümkinçilikleri açyp, raýdaşlygyň we hyzmatdaşlygyň merkezine öwrülýär

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň öz işini tamamlamagy mynasybetli baýdak düşürmek dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we BMG-niň resmi wekiliýetleriniň agzalary gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Milletler Bileleşiginiň tutuş adamzat ähmiýetli möhüm çäreleri dabaraly baýdak düşürmek dabarasy bilen tamamlanýar. Ol çäräni kabul eden ýurda oňa gatnaşyjylaryň bildirýän ýokary ho...

DOWAMY