RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Iýun

“TÜRKMENPOÇTA” ŞEREKETI: UÇAR PETEKLERINI PAÝTAGT BÖLÜMLERINDEN ALMAK BOLÝAR

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” Döwlet poçta aragatnaşygy şereketi Aşgabadyň ilaty üçin hyzmatlaryň gerimini giňeldýär. Paýtagtymyzyň poçta bölümlerinde indi diňe demirýol ulagy üçin däl, eýsem ýerli howa ýollaryna-da petek almak bolýar. Uçar petekleri her gün 8.00-dan 20.00-a çenli işleýän 1, 15, 17, 20 we 35-nji poçta bölümlerinde ähli ugurlar boýunça satylýar. Bu hyzmatyň welaýat poçta bölümlerinde-de ulanylyşa girizilmgi boýunça işler alnyp barylýar. Aragatnaşykçylar m...

DOWAMY
pic
24 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITABYNYŇ ITALÝAN DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.    Çärä paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçy...

DOWAMY
pic
24 Iýun

ALEKSANDR ALEKSANDROWIÇ MARUŞŞENKO – ILKINJILERIŇ BIRINIŇ GEÇEN ÝOLY

Geçen asyryň ýigriminji ýyllarynda Moskwa döwlet uniwersitetinde arheolog diplomyny alan 25 ýaşly Aleksandr Maruşşenko Türkmen medeniýeti institutynyň ýaňy döredilen arheologiýa bölümine ýolbaşçylyk etmek üçin Russiýadan Aşgabada gelýär. Şondan tä ömrüniň ahyryna çenli Türkmenistanyň gadymyýetine juda belet bolan, armany-ýadamany bilmeýän bu azaphon kişi Aşgabatda ýaşapdy we işläpdi. Ol türkmen arheologiýasynyň düýbüni tutanlaryň, möhüm taryhy ýadygärlikleriň ençemesini ilkinji açanlaryň biri bo...

DOWAMY
pic
24 Iýun

HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ KOMITETINIŇ HOWPSUZLYK ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA KIÇI KOMITETINIŇ VII MEJLISI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 24-nji iýunynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň VII mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň we HHR-niň wekiliýetleri Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň we Hytaýyň Daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçeniň ýolbaşçylyk etmeklerinde howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we özara hereketleriň geljekki ugurlaryn...

DOWAMY
pic
24 Iýun

«ÇÖL GÄMISI» – DÜÝE

Elbetde, düýeleriň şanyna bedewleriňki ýaly goşgy goşulyp, halk döredijiliginde olaryň waspy ýetirilmese-de, türkmenler bu jandara uly sarpa goýupdyrlar, çünki hojalykda onuň belli bahasy ýokdur. Türkmenler çöl jöwzasyna çydamly we uç-gyraksyz beýewanda gezmäge uýgunlaşan düýlerde alys ýollara gidipdirler, sebäbi düýe örküjindäki ýagynyň hasabyna köp wagtlap ot-iýmsiz, iň esasy-da suwsuz oňup bilýär. Özi hem ýük çekmekde atdyr eşekden has güýçlüdir. Arwana düýeleriň süýdi sygyr ýa-da goýun...

DOWAMY
pic
24 Iýun

TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 24-nji iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri Kiýoşi Ejima bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara hereketleriň derwaýys meseleleri ara alnyp maslah...

DOWAMY
pic
24 Iýun

TÜRKMENISTANDA ILKINJI ÇAGALAR BAGYNYŇ DÖREÝIŞ TARYHY: KÖŞÜLI KÖRPELER

Turkmenistanda çap bolan ilkinji çagalar kitaby nämedi? Ol ol näme üçin mekdep ýaşyna ýetmedik çagala bagyşlanypdy? Bu soraglara jogap bermek üçin, tas 100 ýyl diýen ýaly yza gaýtmaly bolýarys. ... 1923-nji ýylyň tomsunda Köşi obasyna mugallymlar maşgalasy göçüp geldi. Olar kiçeňräk öýjagazy kireýne aldylar-da, okuw möwsüminiň başlanaryna taýýarlyk görüp ugradylar. Howlularda çagalaryň köplügi ýaş mugallymlarda mekdebe taýýarlyk üçin okuw toparyny döretmek islegini oýardy. Çagalar bagyny dö...

DOWAMY