SOŇKY HABARLAR
AHALDAN BALKANA: HALKALAÝYN ENERGIÝA ULGAMYNYŇ BIRINJI TAPGYRY GURULÝAR
Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň elektrik ulgamlaryny birleşdirmek bilen, sebitleri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etjek halkalaýyn energiýa ulgamynyň birinji tapgyrynyň gurluşygy depginini artdyrýar. 220 Kw kuwwatly elektrik geçirijiniň gurluşygyny tizleşdirmek üçin, «Gurtly» astbekedinden «Serdar» astbekedine çenli 420 kilometrden gowrak tutuş aralyk potratçy edaralaryň arasynda böleklere bölünen. Bu böleklerde geljekki elektrik geçirijileri üçin demirbeton sütünleriniň we dir...
TÜRKMENISTAN BILEN ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň Başlygy Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýändigi nygtaldy. Taraplar howpsuzlyk, energiýa, ulag, daşky gurşawy g...
TÜRKMENISTANYŇ DEMIRGAZYGYNDA BAGÇYLYK ÖSDÜRILÝÄR
Daşoguz welaýatyndan Türkmensitanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň agzasy Sarybaý Hanbaýew ir ýetişýän almanyň we beýleki miweli ekinleriň täze hasylyndan ilkinji tapgyryny bazarlara ugratdy. Onuň baglary Ruhubelent etrabyndaky 35 gektar tarp ýerde ýerleşýär. Bagyň on gektarynda ülje, şonça meýdanda erik, ýene on gektar meýdanda almadyr armyt ýetişdirilýär. Bäş gektar meýdanda ýetişdrilýän üzüm agaçlardan hem gowy hasyl alynýar. Telekeçi ekin ýetişdirmegiň döwrebap ususllaryny ulanmag...
ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
Şu gün, 16-njy iýunda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy oňyn häsiýetlendirdiler. «ÝB – Türkmenistan» bilelikdäki Komitetiň çäklerinde yzygider gepleşikler arkaly berkidilýän işjeň syýasy-d...
«TÜRKMEN ENJAM» HJ SEMENT ZAWODYNY GURÝAR WE TURBA ÖNDÜRÝÄR
?Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti diametri 110 millimetrden 630 millimetre çenli bolan himiki täsire durnukly, uzak wagtyň dowamynda ýokary basyşa çydamly polietilen we polipropilen suw hem gasynlanan lagym turbalarynyň öndürilişini artdyrýar. Ýylyň başyndan bäri Kyýanlynyň polimer zawodyndaky ýerli öndürijilerden alynýan çig maldan eýýäm 200 tonna golaý önüm öndürildi. Hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky senagat bazasynda turba çykarýan üç desga: uly we kiçi diametr...
TÜRKMENISTANYŇ WE YHG-NIŇ ÖZARA HEREKETLERINIŇ ILERI TUTULÝAN MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 16-njy iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş Sekretary Hadi Süleýmanpur bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda YHG-niň işleriniň ýygjamlaşdyrylmagy hem-de «YHG-niň 2025-nji ýyla çenli Garaýşyna» laýyklykda işlenilip taýýarlanylan meýilnamalaryň we maksatnamalaryň talabalaýyk durmuşa geçirilmegi üçin guramanyň beýleki agza-ýurtlary bilen hereketleriň utgaşdyrylmagynyň derwaýyslygy ugrunda ikitaraplaýyn gatnaşyklar...
ARASSA WE DURNUKLY ENERGETIKANYŇ ULANYLMAGY – ADAM SAGLYGYNY GORAMAGYŇ GIREWI
BMG durnukly ösüşiň 7-nji maksadynda (DÖM-7) göz öňünde tutulan ygtybarly, durnukly we döwrebap energetikanyň ählumumy elýeterliligi barada täze hasabaty neşir etdi. Bu barada BMG-niň habarlar saýty habar berýär. Hasabatda DÖM-7-ä ýetmekde uly, ýöne gyradeň bolmadyk ösüş gazanylandygy we pandemiýanyň onuň möçberine ýaramaz täsir edendigi bellenilýär. Halkara energetika agentliginiň (IAE), Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA), BMG-niň Ykdysadyýet we durmuş mes...