SOŇKY HABARLAR
AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Aziz ogly Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky azerbaýjan wekiliýetiniň Türkmenistana iki günlük sapary başlandy. Şu gün, 21-nji ýanwarda Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Soňra Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Aziz ogly Baýramow...
ÝÜK DAŞAÝJYLAR ÜÇIN ONLAÝN-HYZMATLAR
?Demirýollary» AGPJ sebitiň ulag we logistika düzümleri üçin innowasion çözgütleri teklip etdi. Paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri «Asman Oky» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde halkara ýük daşalşyny resmileşdirmek üçin onlaýn-hyzmatlar ulgamyny işläp taýýarladylar we ornaşdyrdylar. Indi trl.gov.tm saýtynda ýerleşdirilen täze sanly ulgam arkaly ýük ugradyjy şahsy kabinetiniň elýeterliligini üpjün edýän öz demir ýol koduny alyp we hasaba goýup biler. trl.gov.tm saýty ýurdumyzdaky müşderiler, şeýl...
TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTLERINIŇ DUŞUŞYGY
2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Prezidentler iki ýurduň we halkyň arasynda özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgelerine, şeýle-de taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny tassykladylar. Döwlet baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we...
TÜRKMENISTAN “SPUTNIK V” SANJYMYNY BELLIGE ALDY
Şu gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi. Şeýlelikde, Türkmenistan Merkezi Aziýada bu sanjymy öz çäginde ulanmagy resmi taýdan makullan ilkinji döwlet boldy hem-de ony hasaba alan döwletleriň birinji onlugyna girdi. Bu ýagdaý ýokanç kesellere garşy göreşmekde hem-de...
SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY MINISTRLIGINDE NEMES BILERMENLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Essen uniwersitet klinikasynyň (Germaniýa) Infeksiologiýa Ylmy-barlag merkeziniň müdiri professor, doktor A.Krawçik bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň, “Türkmendermansenagat” Birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň M.Garryýew adyndaky döwlet l...
ТУРКМЕНИСТАН И ФРАНЦИЯ: ПО ПУТИ РАЗВИТИЯ ДРУЖБЫ И ВЗАИМОВЫГОДНОГО СОТРУДНИЧЕСТВА
18 января 2021 года Президент Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедов осуществил рабочую поездку по столице Туркменистана, в ходе которой ознакомился с положением дел на возводимых в Ашхабаде объектах административного и социального назначения. Важно отметить, что Туркменистан на протяжении многих лет эффективно сотрудничает с компанией «Bouygues Batiment International», которая внесла свою весомую лепту в создание нового архитектурного облика Туркменистана путем сооружения различных объектов...
BAZALT SÜÝÜMINIŇ GIŇ GERIMI
Himiýa institutynyň direktory, himiýa ylymlarynyň kandidaty Durdymyrat Gadamow Türkmenistanyň günbatar sebitlerindäki ýanardag gelip çykyşly bazalt magdanynyň ummasyz gorlary kompozit serişdeleri öndürmek babatda giň mümkinçilikleri açýar diýip pikir edýär. Alym ýerli çig maldan önümleriň ençeme görnüşini, şol sanda – armatura, profil turbalary, dispres-armirlenen öýjükli beton diwar bloklary we beýleki önümleri taýýarlamakda ulanylyp boljak üznüksiz bazalt süýümleriniň önümçiligini guramagy...