SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY GEPLEŞIGI GEÇIRILDI
Şu gün, 2-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Şöhbetdeşligiň dowamynda taraplar golaýda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana bolan resmi saparynyň nukdaýnazaryndan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn depgini belläp geçdiler. Ministrler döwlet baştutanlarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi babatynda pikirl...
BELORUSYŇ WE TÜRKMENISTANYŇ POÇTA ŞEREKETLERI HYZMATDAŞLYGY DOWAM ETDIRERLER
2021-nji ýylda Belarusyň “Belpoçta” respublikan unitar kärhanasy bilen Türkmenistanyň “Türkmenpost” döwlet poçta şereketiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk dowam eder. “Belpoçtanyň” Bütindünýä poçta bileleşiginiň (BPB) we onuň kadalaşdyryjy-hukuk esasynyň çäginde, şeýle hem ikitaraplaýyn şertnamanyň esasynda halkara ýollamalar alyş-çalyş EMS pudagynda poçta hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde “Türkmenpoçta” bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. “Belarus we Türkmenistan Sebit arkalaşygyny...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «ÝEWROPA BILELEŞIGI – MERKEZI AZIÝA» ÝOKARY DEREJELI DIALOGYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda Daşkentde Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasat hem-de howpsuzlyk meseleleri boýunça «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» ýokary derejeli Dialogyň nobatdaky tapgyry geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Ýewropa wekiliýetine Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar boýunça gullugynyň Baş sekretarynyň orunbasary Enrike Mora ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de...
TELEKEÇILER ÜÇIN INTERNET HYZMATLARY
“Türkmen Hemrasy” ýapyk paýdarlar jemgyýeti türkmen telekeçilerine internet hyzmatlary üçin amatly bahalary hödürleýär. Bu maglumat Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň resmi saýtynda ýerleşdirilipdir. XXI asyrda häzirki zaman hemra aragatnaşyk hyzmaty, ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda iş alyp barýan türkmen telekeçilerini-de goşmak bilen, işewürleriň netijeli işlemegi üçin möhüm şertleriň biridir. Bu şereket Türkmenistanyň giň geografik zolaklaryny, şol sanda süýüml...
AŞGABATDA SYÝASATŞYNASLARYŇ WE ŽURNALISTLERIŇ GATNAŞMAGYNDA MEDIA-FORUM GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda gibrid görnüşinde «Syýasatşynaslaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda Sebitleýin dialogy» atly halkara media-forum geçirildi. Çärä syýasatşynaslar, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýurdumyzyň habarlar agentlikleriniň we öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we baş redaktorlary, ýurdumyzda akkeditirlenen daşary ýurt KHBS-niň wekilleri, Türkmenistanda işleýä...
«AK GAP» KOMPANIÝASY ÖNÜMÇILIGINI ON ESSE ÝOKARLANDYRDY
?Ak Gap» kompaniýasy polietilentereftalatdan çüýşe we banka almak üçin taslanan önüm önümçiligini on esse artdyrdy. Kärhana ýylda alyjylara 500 million PET preform we 200 milliona golaý polietilen gapaklar ugradýar. Bu önüm taslamalary kärhanalara dürli ugurlarda pres-forma we ýel beriji maşynlaryň kömegi bilen çüýşe gaplary öndürmäge gerekli. Önümler şeýle gapda uzak wagt üýtgemän saklanýar we zaýalanmaýar. Häzirki wagtda ýerli haryt öndürijiler azyk senagatynda (gazlandyrylan alkogolsyz içg...
TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASY BILEN ÖZARA HEREKETLERINIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabada iş sapary bilen gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilýetiniň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hadi Suleýmanpur hem gatnaşdylar. Bu çäre Türkmenistanyň şu ýyl başlyklyk edýän YHG-sy bilen özara hereketleriniň ileri tutulýa...