RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Maý

MALAÝZIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurtda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rozli bin Abdul bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen tarapy türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ösüşine goşan şahsy goşandy üçin Ilçi Rozli bin Abdul...

DOWAMY
pic
7 Maý

TÜRKMENISTAN – ADAMZADYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASYNYŇ SANAWYNDA «KÜŞTDEPDI»

Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyndaky Türkmenistan bilen baglanyşykly däp-dessurlar hakdaky öňki makalalarymyzda bu sanawa “Görogly” eposynyň we Nowruz bahar baýramynyň goşulandygyny gürrüň beripdik. Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiň 2017-nji ýylyň dekabr aýnda Koreýanyň Çeju şäherinde geçen 12-nji sessiýasynda adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna türkmen halk sungaty bolan küştdepdi-de girizildi.  Tansyň muşdaklarynyň agl...

DOWAMY
pic
7 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2021-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşigiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi bilen bagly birnäçe meseleleleri ara alyp...

DOWAMY
pic
7 Maý

BEÝIK ÝEŇŞIŇ ESGERLERI: SOWET SOÝUZYNYŇ GAHRYMANY TÄÇMÄMMET NYÝAZMÄMMEDOW

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 76-ýyllygynyň öň ýanynda köp neşirler Beýik Ýeňşiň esgerleri barada ýatlamalary çap edýärler. Şolaryň biri, biziň ildeşimiz Täçmämmet Nyýazmämmedowyň ykbaly hakda Pawel Žukow rus dilindäki «Камертон» edebi we taryhy žurnalda çap edilen makalasynda şeýle gürrüň berýär.  Täçmämmet Nyýazmämmedow Beýik Watançylyk urşunyň gowgaly meýdanlarynda bary-ýogy bir ýyl söweşdi. Ýöne şol gysga wagtda batyr türkmen ýigidi Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent ady a...

DOWAMY
pic
7 Maý

BILIM WE YLYM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ITALÝAN HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELTMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekowyň Italiýa Respublikasynyň Uniwersitetler we barlaglar ministri Kristina Messa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa Respublikasyna bolan saparynyň dowamynda ýetilen ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyny,  şeýle-de iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gol çekilen hyzma...

DOWAMY
pic
7 Maý

ONLAÝN-DUŞUŞYGA GATNAŞYJYLAR ÝURTDA TELEKEÇI-OMBUDSMAN INSTITUTYNY DÖRETMEGI MASLAHATLAŞDYLAR

?Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa» taslamasynyň çäginde ýurtda telekeçileriň hukugyny goramak boýunça ygtyýarly wekiliň, ombudsmanyň wezipesini döretmek barada webinar geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hemaýat bermeginde ABŞ-nyň halkara ösüş Agentligi (USAID) we BMG-niň neşekeşlige we jenaýatçylyga garşy göreş Müdirligi tarapyndan guraldy. Ykdysadyýetde hususyýetçiligi berkitmekdäki milli strategiýa bilen baglanyşykly telekeçi-ombudsman institutynyň döredilmegi ha...

DOWAMY
pic
6 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WE UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER

2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew, ukrain tarapyna bolsa Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary E.W.Ýenin ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2020-2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäklerinde guralan geňeşmeleriň barşynda tar...

DOWAMY