RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Iýul

Serbiýa Respublikasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2025-nji ýylyň 7-nji iýulynda Belgrad şäherinde Prezidentiň köşgünde Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) E.Aýdogdyýewiň Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda Ilçi E.Aýdogdyýew Serbiýanyň Baştutanyna we ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başly...

DOWAMY
pic
8 Iýul

Türkmenistanly dzýudoçy gyz Gazagystanda ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Aziýa Kubogynda bürünç medala mynasyp boldy

15 ýaşly türkmen dzýudoçysy Käkilik Derýaýewa Almaty şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Aziýa Kubogynda bürünç medal gazandy. Aşgabat şäherindäki 37-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy bu üstünlige 5 ýurtdan gelen 25 türgeniň bäsleşen 48 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen ýaryşda ýetdi. Käkilik Derýaýewa hormat münberine barýan ýolda dört ýeňiş gazandy. Ol birinji tutluşykda eýýäm 36-njy sekuntda Sarwinoz Abdusamadowany (Özbegistan) şeksiz ýeňdi, soňra ippon arkaly Hongo...

DOWAMY
pic
7 Iýul

Türkmenistanyň we Eswatini Patyşalygynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2025-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eswatini Patyşalygynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri hanym Folile Şakantunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

DOWAMY
pic
7 Iýul

Türkmenistanyň we Lesoto Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2025-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Lesoto Patyşalygynyň Daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoaneniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara düzümleriň çägindäki hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem ministrler BMG-niň Deňze çykalgasy bo...

DOWAMY
pic
7 Iýul

Çaganyň irki ösüşi boýunça milli hünärmenler üçin okuw

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde çaganyň irki ösüşi ugrunda işleýän saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri üçin iki günlük okuwyny geçirdiler. Okuw maslahatynyň maksady – irki ýaşdaky çagalara ideg etmekde maşgalalara hünär taýdan goldaw bermek boýunça netijeli aragatnaşyk we özara gatnaşyk ýörelgelerini kämilleşdirmekden ybarat boldy. Okuwyň çäginde...

DOWAMY
pic
7 Iýul

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň italiýan dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby Bahar Aýdogdyýewa «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» diýen hormatly ada mynasyp boldy. Bahar bu ýokary ada Gazagystan Respublikasynyň «Bilim-orkenieti» Milli innowasion ylmy-barlag merkezi hem-de «Žana Kazahstan» respublikan innowasion merkezi tarapyndan guralan «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» atly halkara internet-bäsleşiginiň netijeleri boýu...

DOWAMY
pic
7 Iýul

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň döredijilik we tehniki topary neşiriň iýun aýyndaky sanyny okyjylara hödürlediler. Çagalary goramagyň halkara güni bilen başlanýan aýa bagyşlanan hut şu şanly senä bagyşlanan «Çagalaryň sesi – dünýäniň şatlygy» atly makala bilen açylypdyr. «Juwan köňülleriň ylham joşguny» atly çykyş geçen aýda geçirilen «Talyp joşguny – 2025» atly döredijilik festiwalyna bagyşlanypdyr. ...

DOWAMY