SOŇKY HABARLAR
DÖWLET GULLUGY AKADEMIÝASY MAGISTRLIK MAKSATNAMASYNY ORNAŞDYRMAGA TAÝÝARLANÝAR
Ýewropa Bileleşiginiuň «Türkmenistanda döwlet gullukçylarynyň mümkinçiligini güýçlendirmegi goldamak» bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda «Döwlet dolandyryşy» magistrlik maksatnamasyny işe girizmegiň ugurlary boýunça webinar geçirildi. Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlar düzüminiň gatnaşan okuwy magistraturada netijeli okuwy guramagyň esasy ugruna bagyşlandy. Tejribe ähmiýetli adminstratiw ylymlary Federal...
TÜRKMENISTANDA «MUHAMMET BAÝRAM HAN TÜRKMEN WE TÜRKMEN HALKYNYŇ MERTLIK, WATANSÖÝÜJILIK, ADAMKÄRÇILIK ÝÖRELGELERI» ATLY HALKARA FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda göni we sanly ulgam arkaly «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly halkara forumy öz işine başlady. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýylylgyna, baky Bitaraplygynyň 25 ýylylgyny hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan bu çäre dünýäniň 18 ýurdundan 80-ne golaý ýokary wezip...
ÝAŞ HUKUKÇYLARYŇ ARASYNDA HALKARA BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde gurnamagynda wideoaragatnaşyk ulgamy “Ýaş hukukçylaryň arasynda halkara bäsleşigi” geçirildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň döwlet we hususy edaralaryndan ýaş hukukçylary gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar halkara energetika taslamalarynda halkara hukuk kadalarynyň ulanylyş aýratynlyklary, halkara ekologiýa hukugynyň...
MOSKWADA SEBITLEÝIN HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN PUDAGARA GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde Moskwada sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn pudagara geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler minisritiniň orunbasary W.Hajiýew, rus wekiliýetine – RF-niň daşary işler minisritiniň orunbasary A.Rudenko ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň barşynda sebitleýin howpsuzlyk we ony pugtalandyrmak babatynda özara hereketleriň ileri tutulý...
TIFA-NYŇ NOBATDAKY ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy martynda ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky çarçuwaly ylalaşygyň (TIFA) Geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky ýokary derejeli mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, şeýle-de ABŞ-nyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli wekiliýetleri gatnaşdylar. Mundan başga-da mejlis...
LEONID FILATOWYŇ ÝAGTY ÝADYGÄRLIGINE: «OL BIZIŇ ILDEŞIMIZ!»
Aşgabatda sowet we rus aktýory, Russiýanyň halk artisti Leonid Filatowyň (1946-njy ýylyň 26-njy dekabry – 2003-nji ýylyň 26-njy oktýabry) ýagty ýadygärligine bagyşlanan agşam geçirildi, onuň çagalygy we ýetginjekligi biziň güneşli şäherimizde geçipdi. Kamera kysmy agşamy «Россотрудничество» Agentliginiň Türkmenistandaky wekilligi gurady. «Ajaýyp teatr we kino aktýory, ussat dramaturg, ssenariçi, režisýor, zehinli şahyr bütin ömrüne iki şäher – Moskwa we Aşgabat bilen bagly bolupdy» -- diýip «...
TURKMENISTAN OWGANYSTANDA PARAHATÇYLYK KADALAŞDYRYŞ PROSESINIŇ HAS HEM ILERLEDILMEGI ÜÇIN YGTYBARLY YKDYSADY ESASYŇ DÖREDILMEGINIŇ ZERURLYGYNY TASSYKLAÝAR
2021-nji ýylyň 30-njy martynda Duşanbede göni we sanly ulgam arkaly «Aziýanyň ýüregi – Stambul prosesi» Dokuzynjy maslahatyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Mejlise Stambul prosesiniň gatnaşyjy-ýurtlarynyň hem-de goldaýan ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şol sanda mejlise halkara guramalarynyň hem wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler minist...