SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN HALKARA ZÄHMET GURAMASY BILEN NETIJELI HYZMATDAŞLYGA YGRARLYDYR
2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Baş direktory Gaý Raýder bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Global pandemiýanyň dünýäde durmuş-ykdysady ýagdaýlara edýän täsiri we sebit hem-de halkara derejelerindäki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli derejedäki h...
PAÝTAGTYMYZYŇ OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINDE ÝURDUMYZYŇ TÜRGENLERINI SYLAGLAMAK DABARASY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 10-njy martynda paýtagtyň “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan halkara we milli ýaryşlarda ýokary netijeler gazanan ýurduň türgenlerine döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabarada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowa ýurduň tapaw...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “ARETI” HALKARA KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
2021-nji ýylyň 9-njy martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi. Şu ýylyň 13-17-nji oktýabrynda geçiriljek welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu abraýly ýaryşlary Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Welosiped sporty federasiýasy hem-de Halkara welosipedç...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝURDUMYZYŇ BAŞARJAŇ TÜRGENINE BAÝRAKLARY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda ýurdumyzyň öňdebaryjy türgenlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ýurdumyzyň tälimçileri we öňdebaryjy türgenleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurb...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny we awtobenzini satyn aldylar Binýatlyk ýag BAE-niň, Gazagystanyň hem-de Owganystanyň işewürleriniň söwdalaşyklarynyň esasyny düzdi. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplük we awtoulag ser...
TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 5-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Aşgabada iki günlük iş sapary bilen geldi. 6-njy martda saparynyň çäklerinde Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky dostluk, doganlyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi. Soňra Türkiýe Respublikasynyň Daşary işle...
ÝURDUMYZYŇ DEMIRGAZYGYNDA ORTA SÜÝÜMLI GOWAÇA EKILER
Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine on dokuz müň tonnadan gowrak ýokary hilli tohum taýýarlanyldy. Tohumlar tutuşlygyna degişli gulluklaryň laboratoriýalarynda gögerişi, klasy, sort arassalygy we beýleki görkezijiler boýunça bellenilen kadalara laýyklygyna barlaglardan geçirildi. Ýörüte dermanlanylmagy tohumlary kesellerden, zyýan beriji mör-möjeklerden we hapa-haşal otlardan gorar. Ýokary öndürijilikli tohumlar sebitde ýerleşýän pagta arassalaýjy kärhanalaryň onusyndan alyndy. Ýylda tohum...