RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Mar

BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ AŞGABATDA GEÇIRILEN HALKARA MASLAHATYNA GATNAŞYJYLARA ÝOLLAN ÝÜZLENMESI

2021-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokar...

DOWAMY
pic
2 Mar

GURBANNAZAR EZIZOWY HATYRALAP: BAHAR YLHAMY

Daragtlar pyntyk ýaryp, näzik güller köňül joşdurýan baharyň ilkinji güni – 1-nji martda ajaýyp türkmen şahyry Gurbannazar  Ezizow dünýä inipdi (1940-1975 ýý.). Tutuş 2020-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzda türkmenistanlylaryň ençeme nesliniň halaýan şahyrynyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi...   Eýýäm güneş batypdyr. Aý-da agyl atypdyr. Garagolja Serdarym Süýji uka batypdyr.   Şu  gün  Aşgabadyň 21, 132 we 134-nji orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçyla...

DOWAMY
pic
2 Mar

«TÜRKMENISTAN WE BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY: PARAHATÇYLYGY WE YNANYŞMAGY GAZANMAGYŇ UGRUNDA HYZMATDAŞLYK» ATLY HALKARA MASLAHATYŇ BARŞYNDA BIRNÄÇE IKITARAPLAÝYN RESMINAMALARA GOL ÇEKILDI

Şu gün, 2-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat öz işine başlady.    Çäräniň çäklerinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Hususan-da, Türkmenistanyň hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasyn...

DOWAMY
pic
2 Mar

TÜRKMENISTANYŇ MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGE YGRARLY

Şu gün, 2021-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn formatynda duşuşdy. Taraplar Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine baha berdiler. 2020-nji ýylda amala aşyrylan bilelikdäki...

DOWAMY
pic
1 Mar

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna daşary döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleri nebithimiýa önümlerini, hususan-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini hem-de awtobenzini, owganystanly telekeçiler bolsa “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-n...

DOWAMY
pic
27 Few

TÜRKMENISTAN BILEN BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDAKY YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY KESGITLENILDI

2021-nji ýylyň 26-njy ferwalynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň 10-njy mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Duşuşyga şeýle-de pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Ş.Durdylyýew hem-de Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary Ý.Nazarow ulag, infrastr...

DOWAMY
pic
25 Few

RUSSIÝANYŇ «ТАТНЕФТЬ» KOMPANIÝASY HYZMATLARYŇ ÇÄGINI GIŇELDÝÄR

Russiýanyň «Татнефть» nebit kompaniýasy Balkanabatda «Türkmennebit» döwlet konserniniň we Türkmenistanda beýleki kompaniýalaryň hajatlary üçin nasos-kompressor turbalaryny (NKT) abatlamak boýunça önümçiligi işe girizdi. Önümçilik muftalaryň egremlerini we epinlerini  ýuwmak, hyrlaryny kesmek we oňa gözegçilik, NKT gidrosynaglar, belgilenme  we çykyş barlagy tapgyrlaryny öz içine alýar. Häzirki wagta çenli önümçiligiň kuwwatlylygy sagatda 12 turba çenli, zerurlyk çykanda ol goşmaça düýpli harajat...

DOWAMY