RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Okt

GELJEKKI TÜRKMEN DIPLOMATLARY, DAŞARY SYÝASY MESELELERI TÄZE ÝOLLAR BILEN ÇÖZMEKLIGI ÖZLEŞDIRÝÄRLER

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň (HGI) diplomatiýanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça okuw merkezinde goşmaça kurslaryň nobatdaky möwsümi çarşenbe güninde başlandy. Iki ýyl mundan ozal HGI-da açylan bu merkez ýurduň daşary syýasatynyň energetika, ulag we suw ugurlary boýunça ýöriteleşdirilendir. Onuň wezipesi bu ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak, hünärmenleriň hünärlerini ýokarlandyrmak, bilim, usulyýet we gözleg işlerini geçirmek şeýle hem, d...

DOWAMY
pic
30 Sen

TÜRKMENISTAN BILEN ÝUNESKO-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azoulaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli we ählumumy gymmatlyklaryň goralyp saklanmagyna, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer ö...

DOWAMY
pic
30 Sen

KABULDA TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ ARASYNDA BIRNÄÇE MÖHÜM RESMINAMALARA GOL ÇEKMEK DABARASY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Kabul şäherinde «Salam han» prezident köşgünde Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny, hususan-da Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň, demirýollaryň gurluşygyny mundan beýläk hem durmuşa geçirmäge itergi bermäge gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Dabara...

DOWAMY
pic
29 Sen

TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN DURNUKLY ULAG MESELELERI BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI SEBITLEÝIN DIALOG GEÇIRILDI

Şu gün göni wideoaragatnaşyk arkaly «COVID-19 döwründe SPEKA sebitinde we onuň çäginden daşarda ulaglaryň baglanşyklylygynyň pugtalandyrylmagy» atly Sebitleýin dialog geçirildi. Dialog Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy, onuň sebitleýin komissiýalary we ýöriteleşdirilen degişli edaralary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda guraldy. Foruma BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Fekitamoeloa Utoikamana, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary O.Alga...

DOWAMY
pic
29 Sen

TÜRKMEN-GERMAN SYÝASY GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň we GFR-yň daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly syýasy gepleşikler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, nemes tarapyna bolsa GFR-iň DIM-niň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça ygtyýarlandyrylan wekili Mihael Zibert ýolbaşçylyk etdi. Gepleşik konstruktiw ýagdaýda geçirildi. Taraplar iki döwletiň içeri syýasy ýagdaýlary boýunça pikir alyşdylar we ikit...

DOWAMY
pic
29 Sen

GARAŞSYZLYK BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN ŞAHYRANA ŽIWOPIS ESERLERI

Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan tematiki sergisi çeper metaforalar dili bilen ýurdumyzyň iň täze taryhynyň şanly senesi barada gürrüň berýär. Abadanlygyň we uly möçberli özgertmeleriň döwrüniň waspyny ýetirýän işler Rahman Umarowyň «Аsudalyk» atly suraty bilen açylýar. Depesinden goşa guw uçup barýan howdanyň asuda suwuna zümerret reňkli derekleriň şekili düşüpdir. Ýumşak reňkleri we çotganyň şahyrana ýeňil yzlary bilen özüne bendi edýän suratyň...

DOWAMY
pic
27 Sen

TÜRKMENISTANYŇ ŞANLY GARAŞSYZLYGYNYŇ 29 ÝYLLYGY MYNASYBETLI GEÇIRILEN ÇÄRELER

2020-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanda ýurduň baş baýramçylyklarynyň biri – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni dabaraly bellenip geçilýär. Bu baýramçylyk güni Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda däp boýunça Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi. Şeýle-de gül goýmak dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekil...

DOWAMY