SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «ТАLIBAN» HEREKETINIŇ SYÝASY EDARASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň «Таliban» hereketiniň syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Molla Abdul Gani Baradaryň baştutanlygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmagyň hem-de saklamagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda owgan halky...
ÝYLGYNAGYZ KANALYNA – 10 ÝYL
Şu gün Ýylgynagyz magistral suwaryş kanalynyň işgärleri ilkinji ýubileýi – döwrebap tehnikalar we tehnologiýalar ulanylyp täzelenen özboluşly gidrotehniki desganyň 10 ýyllygyny bellediler. Amyderýänyň sag kenaryndaky uzynlygy 50 kilometr bolan maşyn kanaly 2011-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmensitanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Desganyň işe girizilmeginiň dabarasynda çykyş edip, döwlet Baştutany bu döwrebap gidrotehniki desganyň Lebap we tutu...
TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ AZIÝA WE ÝUWAŞ UMMANY SEBITI BOÝUNÇA YKDYSADY WE DURMUŞ MESELELERI BOÝUNÇA KOMISSIÝASY BILEN HYZMATDAŞLYGY GIŇELDILÝÄR
2021-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Armida Salsiýa Alişahbana bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň UNESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha b...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OBA HOJALYK TOPLUMYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini bellemek bilen...
BAE-NE SAPARYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BIRNÄÇE IŞJEŇ DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI
2021-nji ýylyň 2-4-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda bolýar. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti BAE-niň Hökümet ýolbaşçylary, şeýle-de Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeler boýunça halkara agentliginiň (IRENA) wekilleri bilen işjeň duşuşyklary geçirdi. 2-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň oru...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI NEBITGAZ TOPLUMYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada gürrüň ediljekdigini aýdyp, durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň netijesinde milli y...
TÜRKMENISTAN BILEN AWTOMOBIL ULAGLARYNYŇ HALKARA BIRLEŞIGI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMÄGE YGRARLY
2020-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen wideo ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegi, logistikanyň we sanlylaşdyrmagyň kämilleşdirilmegi arkaly ýurtlaryň arasyndaky özara baglanşyklylygyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki hereketleriň meseleleriniň giň toplumyn...