SOŇKY HABARLAR
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR
Nobatdaky iki günlük okuw maslahaty gämileriň we deňiz menzilleriniň desgalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky meselä bagyşlandy. Oňa «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäre «Deňiz goragy, howpsuzlygy we Gara deňiz hem-de Hazar deňzi sebitleriniň daşky gurşawyny goramak» (BCSEA) taslamasynyň çäklerinde guraldy. Ol Ýewropa Bileleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde Ýewropanyň deňiz howpsuzlygy agentligi (EMSA) tara...
TÜRKMEN HÜNÄRMENLERINIŇ «AKYLLY ÖÝ» — ÝAŞAÝYŞ JAÝYNY SANLYLAŞDYRMAK TASLAMASY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň binalarynyň açylyş dabarasy ýatdan çykmajak täsir döretdi. Ýaşamak üçin ähli amatly şertler döredilen bu ajaýyp binalardaky öýlerde «akylly öý» intellektual ulgam ornaşdyryldy. Bu taslama türkmen talyplary, şol sanda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary işjeň gatnaşdylar. Olar awtomatlaşdyrmak, elektronika, robot tehnikasy, internet we beýleki ählumumy sanlylaşd...
TÜRKMENISTANDA ÜSTAŞYR HEREKET EDÝÄN DAŞARY ÝURT DÖWLETLERINIŇ ÝÜK AWTOULAG TIRKEGLERI ÜÇIN ÝYGYMLARYŇ MÖÇBERI KESGITLENILDI
Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi, oňa laýyklykda Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri üçin ýurtda hereket edýän umumy ýygymy kesgitlendi. Bu hereketler Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyny (Aşgabat Ylalaşygyny) hem-de Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Y...
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ NEŞE SERIŞDELERI WE JENAÝATÇYLYK BOÝUNÇA MÜDIRLIGINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
Şu gün, 10-njy noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Wena şäherindäki Bölüminiň Baş direktory hanym Geda Fathi Wali bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň hem-de BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary d...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksyny, awiakerosinini, dizel ýangyjyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, awtomobil benzinini satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen R...
2020-NJI ÝYLDA TÜRKMENISTANDA ÝURDUŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI 25 MILLION AGAÇ NAHALLARY EKILER
2020-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň ähli ýerinde saýaly we miweli agaç nahallarynyň, şeýle hem üzümiň 25 million sanysy ekiler. Bu san ýurduň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny şöhlelendirýändir. Agaç nahallarynyň bir bölegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 7-nji noýabrda geçirilen ählihalk bag ekiş çäresiniň barşynda ekildi. Oňa şeýle-de ýurduň Hökümetiniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şol sand...
TÜRKMENISTAN GDA-NYŇ ÇÄKLERINDE MEDENI-YNSANPERWER HYZMATDAŞLYGYNA AÝRATYN ÄHMIÝET BERÝÄR
6-njy noýabrda wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow çykyş etdi. Wise-premýer öz çykyşynda «Medeni-ynsanperwerlik ulgamy GDA döwletleriniň we halklarynyň berk we ygtybarly binýady bolmagynda galýar», - diýip belläp geçdi. Bu ugurda türkmen tarapynyň ylym, medeniýet we sport ugry boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam et...