SOŇKY HABARLAR
«ORTA AZIÝA ŽENŞENINI» GAÝTADAN IŞLEMEK MÖWSÜMINIŇ GYZGALAŇLY DÖWRI
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligniň Türkmenabatdaky «Buýan» obasenagat toplumynyň hünärmenleri baharda başlanan buýan köküni ýygmak möwsüminiň başyndan bäri 10 müň tonna kök ýygnadylar. Amyderýanyň sag we çep arnasynda ýerleşýän buýan meýdanlarynda taýýarlanan önüm deňiz we awtoulaglary arkaly toplumyň Türkmenabatdaky senagat bazasyna getirilýär. Buýan köki bu ýerde guradylýar, garyndylardan arassalanandan soň gaýtadan işlenilýär. Döwrebap enjamlarda presslenen çig...
MERKEZI AZIÝANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ HÜNÄRMENLERI WE HALKARA BILERMENLER ÇAGALARYŇ HEM-DE ÝETGINJEKLERIŇ SAGLYK ÝAGDAÝYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) sebit hem-de ýurt boýunça edaralarynyň goldaw bermeginde COVID-19 döwründe çagalaryň we ýetginjekleriň saglyk ýagdaýyna bagyşlanan web-maslahaty geçirdi. Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şeýle hem Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Germaniýanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Beýik Britaniýanyň...
ÝEWGENIÝA ADAMOWANYŇ SURATLARYNYŇ BIRINIŇ DÖREÝŞI
Ýatlamalar, misli durmyş monjugynyň gymmatly dürleri ýaly, ýatda galan duşuşyklardyr wakalardan wagt näçe kän geçse-de, biziň ykbalymyzyň paýyna düşen her bir pursadyň, hat-da ownujak zadyň-da gadyr-gymmaty artdyrýar... Golaýda joram Jemal Kerimowa ýatda galyjy üýtgeşik bir wakany gürrüň berdi. Geçen asyryň 70-nji ýyllarynda Türkmen döwlet çeperçilik uçilişşesinde okaýan döwri Jemal türkmen nakgaşlarynyň işleriniň sergilerine köp barýan eken. Şeýle sergileriň birinde onuň ýanyna Ýewgeniýa...
TÜRKMENISTANDA GEOMAGLUMATLAR MERKEZI DÖREDILÝÄR
Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň çalt depginde sanlylaşdyrylmagy hem-de häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy wezipelerini üstünlikli çözmegiň zerur şertidir. Geomaglumatlar merkezi bu ugurda amala aşyrylýan uly ähmiýetli çäreleriň biridir, şeýle merkeziň döredilmeginiň zerurdygy barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ýedi aýynyň jemlerine bagy...
PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ 5-NJI BÜTINDÜNÝÄ MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2020-nji ýylyň 19-njy awgustynda wideoaragatnaşyk arkaly Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Parlament Ýolbaşçylarynyň 5-nji Bütindünýä maslahaty öz işine başlady. Parlamentara Birleşigi tarapyndan Awstriýanyň Parlamenti hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda guralan bu çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan iki ýüze golaý parlamentariýler, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem gatnaşýar. Maslahat «Adamlar we ýer togalagy üçin parahatçylygy hem-de durnu...
TÜRKMEN-RUMYN YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI WIDEOMASLAHATYŇ BARŞYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň Rumyniýanyň Ykdysadyýet, energetika we işewürlik gurşawy ministri W.Popesku bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar. COVID-19 pandemiýasyna garşy göreş boýunça hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň, şeýle-de ykdysady netijeleriniň ý...
TÜRKMENISTANYŇ BAE BILEN IKITARAPLAÝYN SÖWDA-YKDYSADY HYZMAYDAŞLYGYNYŇ GIŇELDILMEGI BOÝUNÇA GEPLEŞIKLER
2020-nji ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan onlaýn-duşuşyga Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we ýurduň beýleki pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga arap tarapyndan BAE-nyň Söwda senagat edaralarynyň Federasiýasynyň Baş sekretary Humaýd Mohamed ben Salem we Söwda-senagat edaralarynyň we...