SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ, OWGANYSTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ÜÇ TARAPLAÝYN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde üç taraplaýyn duşuşyk geçirildi. Owganystan-Türkmenistan- Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe («Lapis Lazuli») halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky mesele ýokary derejedäki iş maslahatynyň gün tertibine çykaryldy. Bu iri möçberli bilelikdäki taslamany amala aşyrmak baradaky meselä bagyşlanylan wideomaslahatyň barşynda Owg...
TÜRKMENISTAN BILEN RF-NYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ ARASYNDAKY EKSPORT-IMPORT MÜMKINÇILIKLERI BOÝUNÇA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda wideoaragatnaşyk arkaly Russiýa Federasiýasynyň «Astrahan söwda-senagat palatasy» birleşmesiniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn eksport-import dolanşygynyň ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak boýunça gepleşikler geçirildi. Gepleşiklere Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň barşynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrah...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BSG-NA DÖWLETLERIŇ GOŞULMAGY MESELELERI BOÝUNÇA ONLAÝN SEMINARA GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 1-nji iýulynda Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) “Fokusda goşulmak: Ýewraziýa” atly onlaýn seminaryň bäşinji mejlisi geçirildi. Bu mejlisde ýurdumyza Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew wekilçilik etdi. Şeýle hem wideokonferensiýa görnüşinde geçen çärä BSG-na agza we synçy ýurtlaryň döwlet we hususy pudaklarynyň degişli edaralarynyň we guramalarynyň wekilleri hem-de ylmy işgärler gatnaşdylar. Bu mejlis, Bütindünýä Söwda Guramasyna agza ýa-da synçy hö...
BMG-NIŇ ILAT GAZNASY TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNA GOLDAW BERMÄGE TAÝÝAR
BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) ýerine ýetiriji direktory Natalia Kanem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat iberdi. Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm düzüminiň ýolbaşçysy öz hatynda COVID — 19 pandemiýasy zerarly şu ýylyň başyna meýilleşdirilen Türkmenistana saparyny gaýra goýmaga mejbur bolandygyny hem-de ýakyn wagtlarda ýurdumyza gelip görmäge umyt edýändigini beýan etdi. Türkmenistan enäniň ölümi we kesellemegi babatynda soňky alnan netijeler bilen baglylykda,...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI SESSIÝASYNYŇ WISE-BAŞLYKLYGYNA SAÝLANYLDY
Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherinden hoş habar gelip gowuşdy — 2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda biziň ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň BMG bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy täze ösüşe, ilkinji nobatda bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm halkara başlangyçlaryny durmuşa...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY «С5+1» FORMATYNDAKY MINISTRLERIŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-niň daşary işler ministrleriniň «С5+1» formatyndaky nobatdaky duşuşygy sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşyga Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar syýasy-diplomatiki ugur boýunça özarahereketlere we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň...
TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ SÖWDA-YKDYSADY GATNAŞYKLARYNYŇ BERKIDILMEGI
2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri E.Annamuhammedowyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hýu Stenli Filpott bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň özarabähbitli ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de ileri tutulýan ugurlar, şol sanda maliýeleşdir...