SOŇKY HABARLAR
WENGRIÝADA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-WENGER TOPARYNYŇ DÖRDÜNJI MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki döwletiň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de işewürlik toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerine, aýratyn hem sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginiň, köpugurly ykdysady we medeni-ynsanperwer özarahereketleri giňeltme...
«EURONEWS»-YŇ WEKILI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Euronews» habarlar teleýaýlymynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy, işewürligi ösdürmek boýunça Baş direktory Roland Nikolaou bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda teleradioýaýlymlar ulgamyndaky öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy, bilermenlik başarnyklarynyň we tejribeleriniň alyşylmagy arkaly maglumat materiallaryny taýýarlamak babatynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. «Eur...
TÄZE SAÝTA GYZYKLANMA ARTÝAR
Ozal habar berlişi ýaly, düýn — 20-nji ýanwarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň www.neutrality.gov.tm internet saýty öz işine başlady. Saýtyň esasy maksady ýokary derejeli halkara maslahatyň işi we «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda ýylyň dowamynda ýurdumyz...
BUDAPEŞT ŞÄHERINDE TÜRKMEN-WENGER IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Türkmen-Wenger bilelikdäki toparynyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda işewürlik maslahaty geçirildi. Türkmen-wenger işewürlik maslahaty Wengriýanyň eksporty ösdürmek boýunça agentligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guraldy. Forumyň dowamynda iki tarapyň topar ýolbaşçylarynyň hem-de Wengriýanyň bank ulgamynyň şeýle hem hususy kärhanalaryň ýolba...
KIPR RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Andreas Zinonos bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-kipr gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygy...
TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral bilen duşuşygy geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Ýokary derejedäki bilelikdäki saparlaryň özara hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak ýörelgelerine...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HALKARA SPORT GURAMALARY BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI
2020-nji ýylyň 15-17-nji ýanwary aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Lozanna şäherinde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň sapary boldy. Türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Halkara tennis federasiýasynyň Prezidenti Dewid Hagert bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy 2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli döwletimizde we daşary ýurtlarda birnäçe çäreleriň geçirilj...