SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ÖZGERTMELER BOÝUNÇA ÝÖRITE MASLAHATÇYSY BILEN ONLAÝN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň özgertmeler boýunça ýörite maslahatçysy Ýens Wandel bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek we onuň durmuş-ykdysady ýagdaýa täsiri bi...
Türkmen harby gullukçylary Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly ýörişe gatnaşdylar
Şu gün Moskwada, Gyzyl meýdançada Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli harby ýöriş geçirildi. Dabaraly Ýeňiş ýörişi 9-njy maýda geçirilmelidi, ýöne koronawirus pandemiýasy zerarly ol soňa goýuldy. Onuň 24-nji iýunda geçirilmegi tötänden däldir: şol gün 75 ýyl mundan ozal Moskwada Ýeňijileriň şanly dabaraly ýörişi geçirilip, marşal Konstantin Rokossowskiý ýörişi dolandyrypdy, marşal Konstantin Žukow bolsa ony kabul edipdi. ...«Üns beriň, Moskwadan alyp eşitdirýäris...
TÜRKMENISTAN BILEN ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ SAGLYK IŞGÄRLERINIŇ ARASYNDA COVID-19 PANDEMIÝA GARŞY GÖREŞMEKDE TEJRIBE ALYŞMAK MAKSADY BILEN GEÇIRILEN WIDEO KONFERENSIÝASY
2020-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň saglyk işgärleriniň arasynda wideo konferensiýasy geçirildi, bu saglyk pudagynyň möhüm meseleleri we howply ýokanç keselleriň öňüni almak çäreleri ara alyp maslahatlaşyldy, hususan-da täze koronawirus COVID-19 barada giňişleýin pikir alyşyldy. Duşuşykda dostlukly ýurtlaryň epidemiologlary we wirusologlary dowam edýän COVID-19 üçin öňüni alyş çäreleri barada maglumatlary paýlaşdylar: hususan-da, türkmen lukmanlary Türk...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ITALIÝANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda Italiýanyň Prezidentiniň resmi kabulhanasy bolan Kwirinal köşgünde Ilçi T.Kömekowyň Italiýanyň Prezidenti Serdjo Mattarella Türkmenistanyň Italýan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň çäklerinde Ilçiniň Prezident bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda Ilçi Italiýanyň Prezidenti Serdjo Mattarella Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow...
TÜRKMENISTANYŇ WE MÜSÜRIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Müsür Arap Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Şukriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Diplomatlar türkmen-müsür gatnaşyklary bilen bagly birnäçe derwaýys meselelere garadylar. Syýasy-diplomatik gepleşikleriň ýokary derejesi hem-de halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşygyň oňyn tejribesi bellenildi. Kärdeşler ýakyn geljekde iki ýurduň daşary işler ministrliklerin...
«TÜRKMENISTAN-ÝEWROPA BILELEŞIGI» BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ NOBATDAKY MEJLISI ONLAÝN GÖRNÜŞINDE GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 19-njy mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Bu duşuşukda Türkmenistana birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, şol sanda maliýe we ykdysadyýet, daşary işler, bilim, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri wekilçilik etdiler. ÝB-niň tarapyndan, mejlise Ýewropa w...
HÄZIRKI WAGTDA DAŞARY ÝURTDA BOLÝAN TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLARY ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmenistanyň raýaty öz şahsyýetini tassyklaýan resminamany ýitiren, ogurlanan, ulanyp bolmajak derejede zaýalanan ýa-da onuň möhleti dolan, şeýle hem daşary ýurt döwletinde Türkmenistanyň raýatlygyna degişli bolan çaganyň doglan halatlarynda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan oňa Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnama resmileşdirilýär. Daşary ýurt döwletlerinde bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň özlerine bagly bolm...