SOŇKY HABARLAR
UKRAINANYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINE GUTLAG HATY
2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň täze saýlanan Prezidenti Wladimir Aleksandrowiç Zelenskä ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny ýollady.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ IMPERATOR NARUHITO ÝOLLAN HATY
2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň täze Imperatory Naruhito ýollan gutlag hatynyň resmi gowşuryş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça gutlag haty Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçis...
ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASYNDA GUTLAG KITABY AÇYLDY
2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda bu ýurduň Imperatory Naruhitonyň tagta geçmegi mynasybetli Gutlag kitaby açyldy. Bu kitap Türkmenistanyň resmi adamlarynyň, ýurtda akkreditirlenen diplomatik korpusynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň adyndan gutlag sözlerini ýazmak üçin niýetlenendir. Şu gün Gutlag kitabynda Türkmenistanyň resmi adamlary özleriniň ýadygärlik gutlag ýazgylaryny ýazdylar. Gutlag kitaby Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bil...
STAMBULDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY BILEN BAGLY TEGELEK STOL MASLAHATY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy (Ankara ş.) we Baş konsullugy (Stambul ş.) tarapyndan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyn Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde, Türkiýäniň palatar we biržalar bileleşiginiň Stambul şäherindäki edara binasynda, üstümizdäki ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýhatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumy bilen bagly tegelek stol maslahaty geçirildi. Tegelek stol maslahatyna Tü...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING GURNALDY
2019-njy ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň maslahatlar zalynda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing gurnaldy. Bu çärä Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maýa goýum we daşary söwda ministrliginiň, Ykdysadyýet ministrliginiň, Ulag ministrliginiň, Strategiki we sebitara barlaglar institutynyň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Özbegi...
SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANYP METBUGAT MASLAHATY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasynda, üstümizdäki ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilen birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp metbugat maslahaty geçirildi. Metbugat maslahata Saud Arabystany Patyşalygynda ýerleşen diplomatik wekilhanalaryň, halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri, şeýle hem Patyşa Faýsal adyndaky yslamy öwreniş we ylmy-barlaglar merkeziniň, Ylmy aragatnaşyk we g...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE STRATEGIKI DIALOG BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa boýunça strategiki barlaglar merkeziniň (NESA) bilermenleriniň gatnaşmagynda Günorta we Merkezi Aziýada ABŞ-nyň howpsuzlyk syýasaty boýunça okuw maslahaty öz işine başlady. Okuw maslahatynyň işine Türkmenistanyň Daşary işler, Goranmak, Milli howpsuzlyk ministrliklerinden we Döwlet serhet gullugyndan wekiller gatnaşýarlar. Okuw maslahatynyň dowamynda ABŞ-nyň Merkezi we Günort...