SOŇKY HABARLAR
PRESS RELIZ
2019-njy ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ermenistanyň Welosiped sporty federasiýasynyň ýardam bermeginde 3-nji iýun Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp köpçülikleýin welo ýöriş geçirildi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bütindünýä welosiped gününiň Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda yglan edilendigini belläk geçmek gerek. Köpçülikleýin welo ýörişe Ermenistanda akreditirlenen diplomatik missiýalaryň we halkara gurmalaryn...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI KABUL ETDI
2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.N.Aripow Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Ýokary derejeli myhman Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine geldi. Ikitaraplabýyn gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda mundan beýläk hem özarahereketleriniň giňeldilmegi boýunça pikirler alyşyldy.
AŞGABATDA GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Bu mejlise gatnaşmak maksady bilen GDA-nyň gatnaşyjy-döwletlerinden köpsanly ýokary derejeli wekiliýetler Türkmenistana geldiler. Gatnaşyjylaryň arasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Mamedow, Ermenistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri M.Grigorýan, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri S.Rumas, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D.A.Medwedew Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Ýokary derejeli myhman Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna geldi. Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň ähmiýetli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem abraýly halkara hem-de sebitleýin guramalarynyň çäkl...
TÜRKMENISTANYŇ GRUZIÝADAKY ILÇIHANASY BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMUNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOLUNY GURADY
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy 2019-njy ýylyň 30-njy maýynda şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäheriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumuna bagyşlanan tegelek stol geçirdi. Bu çärä Gruziýanyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar y...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI AŞGABADA GELDI
2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.N.Aripowyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň ýokary derejeli wekiliýeti Aşgabada geldi. Özbegistan Respublikasynyň wekilleri 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY WEKILIÝET AŞGABADA GELDI
2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D.A.Medwedewiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Aşgabada geldi. Rus wekiliýeti 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.