SOŇKY HABARLAR
«ÝYLYŇ PARLAK ÝYLDYZY — 2018» BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI KESGITLENILDI
Şu gün Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda ýaşlaryň arasynda guralýan “Ýylyň parlak ýyldyzy — 2018” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Onda ýurdumyzyň iň gowy aýdymlary üçin köp sanly teletomaşaçylaryň beren sesleri jemlenildi hem-de ýeňijileriň atlary yglan edildi. Her ýyl geçirilýän bu çäre ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralyp, o...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GAMBIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Gambiýa Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň sekretary, Gambiýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ebrima Sisaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki iri halkara guramalarynyň çäklerindäki syýasy gatnaşyklarynyň netijeliligine ýokary baha berdiler. Şeýle hem duşuşyg...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW S.A.NYÝAZOWY HATYRALAMAK ÇÄRESINE GATNAŞDY
Şu gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähindäki Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň hatyrasyna S.A.Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresine gatnaşdy. Geçenleri ýatlamak türkmen halkynyň köp müňýyllyklaryň dowamynda emele gelen we nesilden-nesle geçip gelýän mukaddes dessurlarynyň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasatyna laýyklykda, bu ýörelgeler mynasyp derejede dowam etdirilýär....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISINDE SÖZLÄN SÖZI
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Hormatly diplomatlar! Häzirki döwürde biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimiz sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün edýän esasy ýurtlaryň biridir. Dünýäde güýçli hem-de ýokary depginler bilen ösýän ykdysadyýeti we daşary ýurt maýa goýumlary üçin özüne çekiji abraýly hem-de hormatlanýan döwletdir. Biz ýurdumyzyň ykdysadyýetine uly möçberli maýa goýumlaryny goýýarys. Daşary söwda dolanyşygymyz yzygiderli artýar. Zähmet haklary her ýyl durnukly k...
DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGINIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK BOÝUNÇA TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDAKY GEPLEŞIKLER
2018-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça tegelek stoluň başyndaky gepleşikler geçirildi. Tegelek stoluň işine ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet min...
AŞGABATDA TÜRKIÝÄNIŇ EKSPORT HARYTLARYNYŇ SERGISI AÇYLDY
Şu gün paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň däbe öwrülen sergisi açyldy. Ony Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň “Meridýen Uluslararasi Fuarcilik” kompaniýasy bilelikde gurady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýöriteleşdirilen sergileriň önümleriň dürli görnüşlerini görkezmek, täze işläp taýýarlamalary, tehnologiýalary alyşmak üçin hem amatly şertleri döredýär diýip belleýär. Türk harytlarynyň sergisi açylmazyndan ozal hünärmenler nobatd...
AŞGABATDA TÜRKIÝÄNIŇ EKSPORT HARYTLARYNYŇ SERGISI GEÇIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edara binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň pudaklaýyn hem-de jemgyýetçilik edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatlary gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu dabara Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu, Türkiýe Respublikasy...